Berkarar Watanymyzyň, asuda asmanymyzyň, parahat durmuşymyzyň ygtybarly goragçylarynyň hünär baýramy – Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda Lebap welaýat prokuraturasynyň, kazyýetiniň we polisiýa müdirliginiň işgärleriniň maşgalalary ajaýyp baýramçylyk sowgadyny aldylar.
Türkmenabat şäheriniň görnükli ýerleriniň birinde welaýat prokuraturasynyň hem-de kazyýetiniň işgärleriniň maşgalalary üçin 4 sany 4 gatly her biri 16 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň, welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleriniň maşgalalary üçin birbada ähli amatlyklary bolan 36 sany 2 gatly 6 otagly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi bu maşgalalaryň baýramçylyk dabarasyny goşalandyrdy.
Özüniň owadan hatarlary bilen gözüňi dokundyrýan bu ýaşaýyş jaýlaryny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň, Zerger «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň, Türkmenabat «Demirbetonkonstruksiýa» zawodynyň, şeýle hem «Bagtyýar zamana» hojalyk jemgyýetiniň ezber gurluşykçylary ýokary hil derejesinde bina etdiler.
Lebap welaýat prokuraturasynyň we kazyýetiniň işgärlerine niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň her öýi 3 we 4 otagdan ybarat bolup, olar gurluşygynyň ýokary hil derejesi, otaglarynyň ýerleşişiniň amatlylygy, giňligi bilen tapawutlanýar. Ulanylmaga berlen ähli binalarda myhmanlara, çagalara we dynç almaklyga niýetlenen otaglar hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen aşhana ýerleşýär hem-de öýlerde milli däp-dessurlarymyzyň berjaý edilmegi üçin ähli amatly şertler döredilendir.
Ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerlerinde çagalaryň oýnamaklary üçin döwrebap oýun meýdançasy, sadaka, toý çärelerini geçirmeklik üçin bassyrma göz öňünde tutulypdyr. Welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleriniň maşgalalary üçin niýetlenen döwrebap kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň umumylykdaky meýdany 2,16 gektara, ýerleşýän ýeri 0,06 gektara, her bir öýüň meýdany bolsa 262 inedördül metre barabardyr.
Täze döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, nurana türkmen dünýäsini wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, jaý toýlaryny toýlaýan maşgala agzalarynyň hoşallyk çykyşlary ýokary ruhubelentlige beslenip geçen dabara aýratyn röwüş çaýdy.