Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan häzirki wagtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmegiň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, energiýany tygşytlamak, energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işiniň hukuk esaslaryny kesgitlemek bilen bagly Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa hasabat berdi.
Ýurdumyzyň milli Parlamentiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär, birnäçe kanunlaryň kadalary döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär.
Daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Şonuň ýaly-da, Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň doly ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Mejlisiň deputatlarynyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, milli kanunçylygyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, 2024-nji ýylyň şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz etmek boýunça geçirilýän duşuşyklara, maslahatlara gatnaşýandyklary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.