Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda Mary şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylyşy dowam edýär.
Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Mülkbagşy» ýaşaýyş toplumynda täze kottej jaýlarynyň 42-siniň açylyş dabarasy boldy. Welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleri oňaýly döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açaryny aldylar.
Täze jaýa göçmek – hemişe uly şatlyk döredýän waka. Däp bolşy ýaly, täze jaý edinenleri gutlamaga olaryň dogan-garyndaşlary, welaýat häkimliginiň wekilleri, medeniýet işgärleri we döredijilik toparlary geldiler.
Ýaş maşgalalaryň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryndan biridir. Şu nukdaýnazardan, täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi täzelikde durmuş gurup, özbaşdak maşgala durmuşyna başlan ýaşlara aýratyn uly sowgat boldy.
Jaýa ilkinji göçüp baranlar döwrebap täze binalaryň hiline ýokary baha berdiler. Iki gatly 4 otagly kottejleriň meýdany uly maşgala ýaşar ýaly giňiş gurlupdyr. Otaglaryň içki bezegi, mebelleri we durmuş enjamlary ýerlikli sazlaşýar.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mary welaýat polisiýa müdirliginiň tabşyrygy bilen gurlan kottejleriň gurluşygyny welaýatyň «Demirbetonönümleri» kärhanasy amala aşyrdy. Gurluşyk boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetireni üçin kärhananyň işgärlerine ýurdumyzyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Mundan başga-da, golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Mary şäherindäki harby bölüminde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli esger naharhanasynyň we lukmançylyk nokadynyň açylyş dabarasy boldy.
Täze binalarda naharlanmak, harby işgärleriň saglygyny berkitmek we zerur bejergi almak üçin ähli şertler döredilen.