Ï Türkmenistanda Hindistan Respublikasynyň güni bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Hindistan Respublikasynyň güni bellenildi

view-icon 5862
Türkmenistanda Hindistan Respublikasynyň güni bellenildi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow, Meretdurdy Rozyýew

Şu gün türkmen paýtagtynda milli baýram – Hindistan Respublikasynyň güni mynasybetli konsert geçirildi. Bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hindi halkynyň köp görnüşli sungaty, özboluşly däp-dessurlary we medeniýetdäki üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga niýetlenendir.

Gyzyklanýan hyzmatdaşlaryň ählisi bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Aziýa sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Hindistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir.

2022-nji ýylda iki möhüm senäniň – türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy we Hindistanyň garaşsyzlygynyň 75 ýyllygy mynasybetli 2022-nji ýylda dostlukly döwletiň Baştutanynyň ýurdumyza döwletara gatnaşyklaryň taryhynda ilkinji sapary munuň subutnamasydyr.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetinde talyplaryň «hindi dili» hünäri boýunça okadylýandygy-da Hindistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär.

Mundan başga-da, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hindi medeniýeti we dili bilen gyzyklanýan talyplaryň düşünjelerini artdyrmagyna niýetlenen «Hindistan burçunyň» açylmagy, bilim pudagy bilen bir hatarda, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýene bir ajaýyp mysalydyr.

Türkmenistan bilen Hindistanyň köptaraply hyzmatdaşlyk üçin mümkinçiligi uludyr, onuň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň arasynda öňki ygtybarly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.

Bu gün Aşgabat Hindistan Respublikasynyň güni mynasybetli Türkmenistana gelen dostlukly ýurduň döredijilik wekiliýetini mähirli garşylaýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgüniň köp adamly zaly ýurdumyzda hindi medeniýetine uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edilýär. Bu ýere medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtly ýaşlar we dostlukly halkyň sungatynyň muşdaklary ýygnandylar. Myhmanlaryň wekiliýetiniň hatarynda nusgawy kathak tans toparynyň ýolbaşçysy we sungat işgärleri bar.

Konsertde Demirgazyk Hindistanyň «kathak» nusgawy ugruň tanslary bar. Gadymy döwürde ybadathana hekaýatçylary – «kathalar» – yşaratlar we tanslar arkaly dürli hekaýatlary gürrüň beripdirler. Wagtyň geçmegi bilen täze elementler we ritmler bilen baýlaşan bu tansda hindi hem-de musulman däpleri utgaşypdyr.

Owadan lybaslar, milli sazlar, özboluşly çykyşlar tomaşaçylara gadymy we häzirki Hindistanyň ruhuny duýmaga, ajaýyp horeografiýa hem sungat jadysyna baha bermäge mümkinçilik döretdi. Artistler öz çykyşlarynda tans ritmlerini we gimnastika hereketlerini ussatlarça sazlaşdyrdylar.

Bütin dünýäni haýran eden sungat ussatlarynyň üýtgeşik we çylşyrymly çykyşlary türkmenistanlylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy, tomaşaçylar olary şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler.

Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda geçirilen tans sungaty boýunça ussatlyk sapagy häzirki çärä aýratyn ruh çaýdy. Bu ýerde daşary ýurtly artistler gatnaşyjylary «kathak» tans ýolunyň esaslary bilen tanyşdyrdylar, onuň hindi medeniýetindäki orny barada gürrüň berdiler.

Medeniýet maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar paýtagtymyzyň gözel ýerlerine baryp gördüler, şeýle hem Aşgabatdaky türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç meýilleşdirilýär.

Şeýlelik bilen, döredijilik forumy türkmenistanlylarda içgin gyzyklanma döredip, halklarymyzyň ýakynlygyny, taryhy we ruhy gatnaşyklaryň pugtalygyny görkezdi hem-de türkmen-hindi medeni gatnaşyklarynda täze sahypa açdy, iki ýurduň köp asyrlyk dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli güýçlendirmäge we baýlaşdyrmaga islegini görkezdi.