Arkadag şäheriniň saýty harydy eltip, alyja elin gowşurmak hyzmatynda «akylly» şäheriň ekologiýa taýdan zyýansyz ulagynyň ulanylyp başlandygyny habar berýär. Şeýlelik bilen, durnukly ösüş ugrunda ýene bir ädim ädildi – diňe bir jemgyýetçilik ulagy ulgamynda däl, eýsem, söwda ulgamynda-da daşky gurşawa iň az täsir ýetirýän elektrik ulaglary ornaşdyryldy.
Arkadag şäheriniň Söwda müdirliginiň ykdysady bölümi şäheriň eltip berme hyzmaty gullugyna Gongkongyň «Run Horse» holdinginiň «Jinma» elektrik ulaglaryny hödürledi. Ykjam we sessiz ulaglar şäheriň hemme ýerine gyzgyn nahardyr iýmit eltip berýär. Çalt zaýalanýan harytlary eltmek üçin bolsa sowadyjy kameraly elektromobiller ulanylýar.
Akkumulýatory elektrik energiýasy bilen doly doldurylanda, bu ulaglar 120 km çenli aralygy geçýär. Howa hiç hili taşlandynyň bolmazlygy we elektrik energiýasy bilen çalt doldurylýandygy elektrik ulaglaryny häzirki zaman şäheriniň durnukly ulag ulgamyny ösdürmek üçin iň oňat görnüşine öwürýän artykmaçlygydyr.