Öýde endige görä suw krany açylanda, gündelik durmuş üçin zerur bolan bu çeşmäniň öýlerimize sanitariýa taýdan howpsuz arassa agyz suwy bolup gelmegi üçin oňa näçe adamyň zähmetiniň siňendigi, çylşyrymly köp basgançakly inže ner-tehniki we tehnologiki enjamlaryň hem-de amallaryň amala aşyrylmagyny üpjün etmekde näçeräk energiýa çeşmelerini ulanylandygy barada pikir edýän az bolsa gerek. Bu sowallara Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän ýokary hilli süýji suw öndürýän ýurdumyzyň iň uly zawodynda jogap alyp bolar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabatagyzsuw» önümçilik birleşiginiň wekili Serdar Gurbanow bu ýere gezelenç gurady.
Ol zawodyň 2010-njy ýylda «Polimeks» türk kompaniýasy tarapyndan gurlandygyny, kuwwatynyň bir gije-gündizde 250 müň kub metr agyz suwuny öndürmäge niýetlenendigini gürrüň berdi. Kärhananyň ýanynda gije-gündizde ýüz müň kub metr kuwwatlylygy bolan ilkinji desga bilen birlikde ozal gurlan suw zawodlarynyň ikisi bar. 1969-njy ýylda gurlan desga häzirem işleýär.
Garaşsyzlyk döwründe paýtagtymyzyň önümçilik kuwwatynyň we dolandyryş çäkleriniň has-da artmagy goşmaça şeýle desgalaryň gurulmagyny, şeýle hem 1995-nji ýylda olary dolandyrmak üçin bir guramanyň – 1998-nji ýylda «Aşgabatagyzsuw» ÖB-ne öwrülen «Aşgabatsuwkanal» trestiniň döredilmegini talap etdi. Mysal üçin, 1997-98-nji ýyllarda birinji desganyň gapdalynda, gije-gündizde 150 müň kub metr suw öndürýän ikinji «Gündogar» zawody işläp başlady, häzirki wagtda ol bölekleýin dikeldilýär. Ýokarda agzalan üç zawod biri-birine ýakyn ýerde ýerleşýär.
Ýurdumyzyň şäherlerini üpjün etmek üçin suw Garagum derýasyndan alynýar, täze zawodyň we öňki iki desganyň ýerleşýän ýeri gaýtadan işlemek üçin suw almaga amatlydyr. Ilki suw açyk howdanda durlanylýar, ol bu ýere gür gamyş gatlagyndan geçýär, belli bolşy ýaly, ol suwy organiki we beýleki goşundylardan arassalamak üçin ajaýyp bioplatdyr. Onuň golaýynda güýçli nasos stansiýasy bolup, ol ýerden suw zawod sehlerine üznüksiz berilýär.
Zawodda suw durlaýjy howdanlaryň ikisinde «çig mal» aeratora — kislorod bilen baýlaşdyrmak we özboluşly ysyndan arassalamak üçin kaskadly köp basgançakly «çüwdürime» berilýär. Soňra biri-birine baglanyşykly çylşyrymly ulgamly suw durlaýjy çuň howdanlara suw ilki bölejikleri özüne çekýän we çökdürýän koagulant bilen, soňra bolsa senagat we galyndy suwlary arassalamakda ulanylýan flokulant suspenziýasy bilen arassalanylýar. Hlor garylandan soň suw birnäçe bölejikleri baglanyşdyrýan we çökdürýän erän duz koagulantyny we çäklendirijisini ulanmak arkaly himiki maddalardan arassalanylýan sehe geçirilýär. Şeýdip suwuň dekarbonizasiýasy, aşgarlygyny we wagtlaýyn ýogynlygy peseldilýär. Umuman, suw birnäçe gezek, basyşsyz on iki uly howuzda gutarnykly arassalanýar. Ondan soň, dürnagöz arassa suw çalt akdyrylýar. Bu suwy entek içip bolmaýar - patogen mikrofloradan dynmak, ýagny zyýansyzlandyrmak üçin ýene bir amal edilmeli.
Zawodyň laboratoriýasynda her sagat ähli basgançaklarda we ahyrynda suw barlanýar, onuň hili we himiki düzümi kesgitlenýär. Zawodda gije-gündizde 180 hünärmen işleýär, olaryň 30 göterimi aýal-gyzlar bolup, enjamlaryň, hasaplaýjylaryň maglumatlaryna, suw durlaýyş enjamlarynyň yzygiderli hyzmat edilmegine ünsi jemlemek zerurlygy sebäpli iş güni üç-dört çalşyga bölünýär, onda dynç almak, ünsüňi sowmak ýa-da iş ýerinde bolmazlyk mümkin däldir.
Paýtagtyň suw üpjünçiligi şäher düzümini ösdürmek we daşky gurşawy goramak üçin möhüm tapgyr bolan zeýkeşleri, ýagyş we lagym suwlaryny şäheriň daşyna çykarmak üçin häzirki zaman ýerasty kanallar we kollektorlar toplumy bar. Bu suwlar ýerasty tunellere goýberilýär, olar öz akymyna lagym arassalaýjy zawoda (KOS-300) barýar.
Desgada suw gaýtadan ulanylmaga taýýarlanylanda howdanlaryň ýagdaýy we olardaky suwuň himiki düzümi wagtal-wagtal barlanylýar. Türkmenistanyň sanitariýa kadalaryna laýyklykda, alynýan hapa suwlaryň hili we arassalyk derejesi seljerilýär, fiziki we himiki görkezijileri ýol berilýän kadalar bilen deňeşdirilýär. Bölümler dünýä öndürijilerinden awtomatlaşdyryş ulgamlary üçin enjamlary we programma üpjünçiligini senagat gözegçileriniň gözegçiligi astynda awtomatiki usulda işleýär. KOS-300-de ähli amallar gulluk binasyndaky dolandyryş merkezinden dolandyrylýar. Arassalaýjy suwy zyýansyzlandyrmak ozaldan kesgitlenen kada laýyklykda amala aşyrylýar.
Suw sanitariýa we epidemiologiýa gullugy tarapyndan barlanylandan soň, diňe tokaý meýdanlaryny, ot-iým ýa-da senagat ekinlerini suwarmak üçin oňaýlydyr.