Ï Hytaý wekiliýeti bilen duşuşyklar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hytaý wekiliýeti bilen duşuşyklar

view-icon 3714

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Hao Minszin bilen duşuşygy boldy.

Mejlisiň Başlygy myhmanlary mähirli garşylap, hytaýly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny we köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlamentara dialogyň möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Türkmen topragynda mähirli garşylanandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Hao Minszin däp bolan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, parlamentara hyzmatdaşlygyň bu ugurda okgunly ösüşi gazanmaga itergi berýändigini nygtady. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde üstünlikli ösdürilýän, iri halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde döwletara dialogyň ýokary derejesine oňyn baha berip, söhbetdeşler iki ýurduň hem deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga täze itergi bermegi maksat edinýändigini tassykladylar.

Bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda Türkmen-hytaý hökümetara komitetine möhüm orun degişlidir. Strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli derejelerde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, parlamentara we partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Sebitara hyzmatdaşlyga hem täzeçe itergi berildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli dialogy pugtalandyrmak boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde geçirilen “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Döwletara hyzmatdaşlykda ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn orun berilýär. Ýaş türkmenistanlylaryň köp sanlysy HHR-iň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Ýurdumyzdaky birnäçe ýokary we orta bilim edaralarynda hytaý dili öwredilýär. Geçen ýylyň ahyrynda Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň açylmagy, Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumynyň geçirilmegi bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň anyk mysallarydyr.

Duşuşygyň çäklerinde myhmanlar milli parlamentiň gurluşy we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmelerine ýardam bermäge gönükdirilen işler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda birnäçe möhüm kanunlar we kanunçylyk-hukuk namalary işlenip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi. Bu kanunçylyk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda täzeçil özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan bu gatnaşyklar iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de gülläp ösüşiň hem-de abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

***

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Hao Minsziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň” çäklerindäki hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.

Hytaý wekiliýetiniň agzalary üçin medeni maksatnama hem taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde myhmanlar Arkadag şäherine baryp gördüler we täze şäheriň häkimi bilen duşuşdylar.

Dostlukly ýurduň wekilleri “akylly” şäherde ulanylýan sanly we “ýaşyl” tehnologiýalar bilen tanyşdyryldy. Arkadag şäheriniň Türkmenistanyň ýokary ykdysady ösüşiniň we ägirt uly kuwwatynyň aýdyň görkezijisi bolup durýandygy nygtaldy. Hytaýly myhmanlara täze şäheriň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada gürrüň berildi.

Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Garaşsyz Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesine eýe bolan täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg ulgamyndaky häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde döredilen hem-de halkara standartlara, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky standartlara laýyk gelýän toplumlaýyn infrastruktura şäher ilaty üçin has amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Munuň özi Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň özenini düzýän “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň aýdyň beýanydyr. Şäheriň giň şaýollarynda jemgyýetçilik ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar we elektromobiller hereket edýär. Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk ulgamyndaky ähli täzeçillikleri özünde jemleýär.

Hytaý tarapynyň wekilleri mähirli kabul edilendikleri hem-de “akylly” şäher bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirip, bu şäheriň şähergurluşyk ulgamynda nusgalykdygyny nygtadylar. Myhmanlar täze şäher barada ozal eşidendiklerini we ony görmegi arzuw edendiklerini aýdyp, şu gün öz arzuwlarynyň hasyl bolmagyna şertleriň döredilendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.