Ï FAO Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

FAO Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär

view-icon 3905
FAO Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär

FAO/GEF-iň «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň guraklaşma we şorlaşma meýilli ekerançylyk ýerlerinde tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak» (CACILM-2) taslamasynyň çäginde Köpetdag döwlet goraghanasynda, biri daglyk ýerde, beýlekisi Gäwers meýdançasyndaky Garagum çölüne ýanaşyk oazis zolagynda bolmak bilen, iki sany nahalhananyň gurluşygy tamamlandy. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi durmuşa geçirilýän taslama nahalhanalar üçin zerur enjamlaryň we esbaplaryň ählisini satyn aldy.

Köpetdagdaky nahalhananyň esasy wezipeleri diňe bir ekme tokaýlaryň meýdanlaryny giňeltmek däl-de, şol sanda pisse, badam, ýemşen, böwürslen, ülje ýaly hoz-iýmiş miweli baglaryň meýdanlaryny-da giňeltmekdir. Mundan başga-da, nahalhana Merkezi Köpetdagyň hatardan çykan ýapgytlarynda we Gökdepeden 50 km uzaklykda ýerleşýän Bakça meýdançasynyň çäginde tokaý nowçalaryny dikeltmek üçin arça, çynar, dagdan, tuýa we beýleki agaçlar üçin ekiş materiallaryny berer.

Oazis zolagyndaky nahalhana bagbançylygy ösdürmek, suwarymly meýdanlaryň töwereginde tokaý zolaklaryny döretmek, ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak, şeýle hem Merkezi Garagumda çöl tokaý ýerlerini giňeltmek maksady bilen, çöl gyrymsy agaçlaryny we ýarym gyrymsy agaçlary ösdürip ýetişdirmek üçin miweli agaçlaryň, ýaprakly we bezeg agaçlarynyň nahallaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanar.

Daglyk şertlerde tokaýlygyň giňeldilmegi suw eroziýasynyň, esasan hem howply sil akymlarynyň täsirini ep-esli azaldar. Çöl şertlerinde çöl ösümlikleri ekilen ýerleri giňeltmek öri meýdanlarynyň öndürijiligini we şoňa laýyklykda, daýhanlaryň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga kömek edýär. Mundan başga-da, bu nahalhanalar mülkdarlaryň meýdan mekdepleriniň çäginde ýerli jemgyýetleriň wekillerini okatmak üçin oňat ýerlik bolup hyzmat eder, miweli agaçlary, uýgunlaşdyrylan dag we çöl ösümliklerini ösdürip ýetişdirmekde gazanylan üstünlikli tejribäni bolsa Türkmenistanda giňden ýaýmak mümkin bolar.

«Biz Türkmenistan hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda çöl we ýarym çöl zolaklarynda tokaý döretmekde dünýäde toplanan iň oňat tejribäni şu ýurtda ornaşdyrmaga çalyşýarys» diýip, CACILM-2 sebit utgaşdyryjysy Mahmud Şaumarow aýdýar. Şeýle işler iýmiş, miwe we hoz önümçiliginiň durnukly artmagyna, şeýle hem ýerli kärendeçileriň, bagbanlaryň we mülkdarlaryň girdejilerini ýokarlandyrmaga, ýerli ilatyň ýaşamagy üçin mikroklimatik we ekologik şertleri gowulandyrmaga ýardam edýär.