Ï Seulda maglumat hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Seulda maglumat hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi

view-icon 3040
Seulda maglumat hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynda «The Korea Herald» habarlar agentliginiň ýolbaşçysy Çoý Jin Ýong bilen duşuşyk geçirildi. Oňa agentligiň tanymal habarçysy Sanjaý Kumar hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda maglumat ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini, şol sanda, Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty baradaky habarlary media-holdingiň binýadynda ýerleşdirmek nukdaý nazaryndan özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew söhbetdeşlerine ýurdumyzda häzirki wagtda amala aşyrylýan möçberli özgertmeler barada habar berdi. Şunuň bilen birlikde, döwletiň maglumat syýasatyna aýratyn üns çekildi.

Türkmen tarapy Koreýa Respublikasynyň habarlar agentlikleri bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wajyp bolup durýandygyny nygtamak bilen, iki ýurdyň ýeten üstünlikleri we olarda bolup geçýän möhüm wakalar baradaky täzelikleri hem-de habarlary alyşmaklygy hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.

Ilçiniň bellemegine görä, 2024-nji ýyl Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygaryň astynda geçýär, munuň özi bolsa, milli we halkara derejelerinde Gündogaryň beýik şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp guraljak dürli çäreleri göz öňünde tutýar. Şu nukdaý nazardan, Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň aýdyň nyşany hökmünde Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde şu ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigi barada nygtaldy. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda gadymy türkmen şäheri Änewiň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigi bellendi.