Ï Gaplaňgyr goraghanasy – 45 ýyl tebigy gymmatlyklaryň goragynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gaplaňgyr goraghanasy – 45 ýyl tebigy gymmatlyklaryň goragynda

view-icon 5250
Gaplaňgyr goraghanasy – 45 ýyl tebigy gymmatlyklaryň goragynda

Şu ýyl şanly senäni – döredilen gününiň 45 ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy 1979-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Demirgazyk-Günbatar böleginde döredildi. Goraghanany döretmegiň baş maksady jerenleriň, torsuklaryň, Üstýurduň dag goçlarynyň möçberini goramakdan we dikeltmekden ybaratdy.

Döredileninden bäri geçen ýyllarda goraghananyň haýwanat dünýäsi mesgen tutýan jandarlaryň täzeleri bilen artdy. Jerenleriň hem sany köpeldi. Soňky maglumatlara görä, jerenleriň esasy toparlarynyň sany 200 başa barabardyr. Şeýle hem Gaplaňgyr belentliginde we Ak inişde (Günorta Üstýurt) dag goçlary duşýar.

Ýerleriň häzirki ýagdaýyny we bioköpdürlüligini öwrenmek maksady bilen, hünärmenleriň alyp baran köp ýyllyk ylmy-seljeriş hem-de göçme meýdan işleriniň netijesinde 2019-njy ýyldan 2022-nji ýyllar aralygyndaky döwürde Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda mesgen tutýanlaryň sanawyna oňurgasyzlaryň täze görnüşleri girizildi. Olaryň hatarynda eşekýassyk, gapdallygyna ýöreýän möýler we kerebini tegelek örýän möýler, möjek möýler we bedew möýler, deňganatlylaryň toparyna degişli lýutkalar maşgalasyndan gobiý lýutka teneçiri, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen hudaýaty, mahaon kebelegi we beýlekiler bar.

Goraghana üçin onuň çäkleriniň «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly transmilli gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi geçen ýylyň aýratyn ähmiýetli wakalarynyň biri boldy.

Üstýurt we Sarygamyş geografik sebitleriň çäklerinde Turan çölleriniň Günorta we Demirgazyk zolagyna degişli çatrykda ýerleşen goraghananyň goralyp saklanýan tebigy çäkleri 275 müň gektardan gowrak meýdany gurşap alýar. Ony gysgaça synlamak bilen hemme ýerlerini diňe aýlanyp geçmek üçin hem birnäçe gün gerek bolar.

Bu ýerleriň iki sany esasy ekoulgamy – çöl we köl ulgamy gözegçilik etmegiň amatly bolmagy üçin iki bölege: Gulantakyr we Gaplaňgyr böleklere bölünendir. Bu ýerler Gyzyl kitaba girizilen gaplaňlaryň we gulanlaryň mesgen tutýan ýerleridir. Gulanlaryň göçüp-gonup mesgen tutýan ýerleri Zeňňibaba kölüniň, Üstýurt gyrynyň etekleriniň, Ýedihowuz, Gulantakyr we Düşeklidaş takyrlarynyň töwereklerindäki çäkleri özünde jemleýär, şol ýerler guýularyň golaýynda ýerleşýär.

Suwda ýüzýän guşlary, suwuň golaýynda gyşlaýan guşlary, höwürtgeleýän we göçüp barýan guşlary, şeýle hem toýnakly haýwanlary goramak üçin goraghanada döredilen Sarygamyş we Şasenem çäkli goraghanalary hereket edýär. Goraghananyň ösümlik dünýäsini goramak babatda hem uly işler ýerine ýetirildi. Ösümlikleriň we seýrek duşýan ösümlikleriň ýerli özboluşly görnüşleri üçin ösümlik nahalhanalary hem-de haýwanlar üçin ýatakhanalar döredildi.

Ekologlar «Tebigatyň ýyl ýazgysy» atly her ýyl taýýarlanylýan synlar ýygyndysyny alyp barýarlar. Ulanylýan tehnikalar, hususan-da, jandarlaryň şekillerini surata düşürmek üçin gizlin ýerleşdirilen fotokameralar hünärmenlere uly goldaw bolup hyzmat edýär.

Biotehniki çäreler, şol sanda serhetüsti ýerlerde mesgen tutan haýwanlaryň, ösümlikleriň görnüşlerine gözegçilik etmek, serhetdeş ýurtlar bilen maglumatlary alyşmak işleri yzygiderli esasda geçirilýär. Alymlaryň, ekologlaryň hem-de beýleki hünärmenleriň tebigaty goramak ugrunda alyp barýan işleri Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň bioköpdürlüligini gorap saklamaga we köpeltmäge ýardam berýär.