Ýabany haýwanlary tebigy gurşawda uzak aralykdan öwrenmek üçin Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň işgärleri gizlin foto enjamlar barha köp ulanýarlar.
Bu enjamlar bu ýerdäki haýwanlaryň köp görnüşiniň ýaşaýşyna uzak aralykdan syn etmäge mümkinçilik berýär, çünki olar gerek pursadynda foto we wideo alyş dügünini işe girizýän hereket görkezijisi bilen enjamlaşdyrylany üçin, olaryň matrisalarynyň saýgarma ukyby örän ýokarydyr. Olar goragly tebigy ýerlere degişli ýabany haýwanlaryň we guşlaryň sanyny gözegçilikde saklamagyň täsirli guralyna öwrüldi diýmek-de bolýar. Sebäbi «foto duzaklar» olaryň gündelik durmuşyna ujypsyz derejede goşulyşýar. Mysal üçin, günüň dürli wagtlarynda enjamlar tarapyndan surata düşürilen haýwanlaryň we guşlaryň arasynda möjekler, tilkiler, jerenler, gulanlar, hüwüler, käkilikler we başgalar bar. Hatda aw awlanda, çakgan we sessiz gamyş pişigi, şeýle hem esasan, gijeki durmuş ýörelgesini alyp barýan ümsüm we gazaply sähra pişigi ýaly seresaply ýaşaýjylar hem görülmän galmandyr. Ozal goraghananyň çäginde enjamlaryň obýektiwine Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen garagulak-da düşüpdi, eýsem-de onuň ýaşaýan ýerlerinden biri Üstyurt belentligidir.
Fotokameralardan alnan suratlar ýerli haýwanat dünýäsine gözegçilik etmäge, guşlaryň we haýwanlaryň dürli görnüşleriniň sany hem ýaşaýan ýerlerini, fiziki ýagdaýyny, gündelik we möwsümleýin işjeňligini yzarlamaga, endiklerini öwrenmäge we zerur halatynda gorag çäreleriniň usullaryny sazlamaga kömek edýär.
Gaplaňgyr goraghanasynyň haýwanat dünýäsi özboluşlydyr we baýdyr. Demirgazyk Türkmenistana mahsus bolan jandarlaryň görnüşlerini gorap saklamaga we ösdürmäge bu sebitiň özboluşly landşafty hem daşky gurşawy goramak boýunça giňişleýin üstünlikli durmuşa geçirilýän çäreler ýardam edýär.