Ï «Türkmenawtoulaglary» agentliginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenawtoulaglary» agentliginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan maslahat geçirildi

view-icon 4259
«Türkmenawtoulaglary» agentliginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Maslahata gatnaşanlar beýik akyldar şahyryň döredijiliginiň häzirki we geljek nesiller üçin ähmiýetini bellediler.

Mundan başga-da, çykyşlarda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýändigi aýdyldy. Akyldar şahyryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi ady belli söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetlidigini görkezýär.