Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäginde Türkmenistan häzirki zaman ykjam PCR barlaghanasyny aldy.
Ykjam toplum Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň çalt reaksiýa we ýokanç gözegçiligi toparlary üçin niýetlenendir. Barlaghana stasionar barlaghanalara giriş çäkli bolanda, toparlara PCR gözlegleriniň doly toplumyny geçirmäge mümkinçilik berer.
Barlaghana üçünji biologiki howpsuzlyk toparyna (BSL-III) laýyk gelýär we ýurdumyzyň uzak ýerlerinde awtonom işlemek üçin niýetlenendir. Bu toplum molekulýar diagnostika, özbaşdak durmuşy goldaýan ulgamlar we aýratyn howa çalşygy ulgamy üçin öňdebaryjy barlaghana enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.