Ï Katarda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Katarda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi

view-icon 4622
Katarda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Katar Döwletiniň metbugat hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Doha şäheriniň “Dar Al-Sharq” metbugat merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Katar Döwletindäk Ilçisi M.Seýitmämmedow katar tarapyna ýurdumyzda häzirki wagtda amala aşyrylýan özgertmeler barada habar berdi. Şunuň bilen birlikde, döwletiň maglumat syýasatyna aýratyn üns çekildi. Çärede Döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly eseri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw boljakdygyny bellenip geçildi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde şu ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigi barada nygtaldy we gadymy türkmen şäheri Änewiň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigi bellendi.

Duşuşygyň dowamynda döwletiň maglumat syýasaty boýunça meselelerine aýratyn üns berildi.

Bu ugurda türkmen tarapy Katar Döwletiniň Milli habarlar gulluklary bilen, hussan-da “Dar Al-Sharq” metbugat merkezi bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wajyp bolup durýandygyny nygtamak bilen, iki ýurdyň ýeten üstünlikleri we olarda bolup geçýän möhüm wakalar baradaky täzelikleri hem-de habarlary alyşmaklygy hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.