Ï GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Arkalaşygyň giňişliklerinde bilelikde işlemek taslamalarynda Türkmenistanyň orny barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Arkalaşygyň giňişliklerinde bilelikde işlemek taslamalarynda Türkmenistanyň orny barada

view-icon 5036
GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Arkalaşygyň giňişliklerinde bilelikde işlemek taslamalarynda Türkmenistanyň orny barada

GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew “MIR” teleýaýlymyna interwýusynda Arkalaşygyň giňişliginde integrasiýa taslamalarynda Türkmenistanyň eýeleýän orny barada gürrüň berdi

— Men Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda eýeleýän orny, onuň integrasiýa taslamalaryna gatnaşmagy barada gürrüň bermek mümkinçiligine şatdyryn.

Türkmenistan integrasiýa taslamalaryna, integrasiýa hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýar. 2005-nji ýylda GDA-nyň ähli döwletleri Türkmenistanyň gurama assosirlenen agzalygyny ykrar etdiler. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yglan etdi. Bu ugur we bu syýasat, Bitarap döwletiň hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edildi. Munuň özi Türkmenistanyň GDA-nyň işine gatnaşmagynyň özboluşly aýratynlyklaryny şertlendirýär.

Türkmenistan Arkalaşykda syýasy hyzmatdaşlygyň käbir ugurlarynda synçy hökmünde gatnaşýar. Ynsanperwer ulgam, ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, türkmen döwleti GDA-nyň agzalary bolan beýleki döwletlere görä, köplenç, has işjeňlik görkezýär. Türkmenistanyň ýolbaşçylary, ilkinji nobatda, ozalky Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow we häzirki Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Arkalaşygyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ençeme başlangyçlary öňe sürdüler.

Men Türkmenistanyň Prezidentiniň aýdan köp jümlelerini mysal getirip bilerin. Ýöne häzir hormatly Serdar Gurbangulyýewiçiň Bişkekde ýarym ýyl mundan ozal döwlet Baştutanlarynyň sammitinde aýdan sözlerini getirmek isleýärin. Men şol sözleriň manysyny ýoýmazlyk üçin okap bereýin: “Arkalaşygyň formatynda döwletleriň özara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin amatly ýagdaýlary döretmegiň möhüm şert bolup durýandygyna ynanýaryn. Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge berk ygrarlydygyny tassyklamak bilen, hyzmatdaşlygymyzyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirýärin”. Bu sözler meniň ýaňky ýokarda aýdanlarymy aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Men GDA-nyň çäklerinde Türkmenistanda geçirilen we geçirilýän köp çärelere gatnaşan adam hökmünde şeýle hyzmatdaşlygyň anyk mysallaryny getirmek isleýärin. Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda eýýäm birnäçe gezek başlyklyk etdi. Käbir döwletler, dürli sebäplere görä, başlyklyk etmek wezipesini öz üstüne almaýarlar. Türkmenistan bolsa şeýle wezipäni ikirjiňlenmän üstüne alýar we Arkalaşykda iki gezek üstünlikli başlyklyk etdi.

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda, ýurduň beýleki şäherlerinde örän köp möhüm çäreler geçirildi. Şol çäreler hyzmatdaşlygyň, dostlugyň, GDA döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklarda hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etdi. Türkmenistanyň şäherleriniň ikisi “GDA-nyň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Olar Daşoguz we Mary şäherleridir. Bu welaýat merkezlerinde ençeme medeni çäreler geçirildi. Şol ýerlere artistler, sungat, ylym-bilim işgärleri, türgenler geldiler. Men türkmen kärdeşlerimize, ýurduň ýolbaşçylaryna iri forumlary, halkara maslahatlary geçirmek üçin Türkmenistanyň ajaýyp mümkinçiliklere eýedigini aýratyn hoşallyk bilen aýtmak isleýärin. Men Aşgabatda hem-de ýurduň beýleki şäherlerinde GDA-nyň we BMG-niň çäklerinde geçirilen köp sanly halkara maslahatlara gatnaşdym. Şol çäreleriň örän netijeli geçendigini nygtamak gerek.

Şeýle hem beýleki halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň orny barada aýtmak isleýärin. Türkmenistan BMG-de öz başlangyçlaryna, işine aýratyn ähmiýet berýär hem-de ýurduň Liderleri BMG-niň Baş Assambleýasynda yzygiderli çykyş edýärler, diňe bir çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, guramanyň çäklerinde möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna möhüm ähmiýet berýändiginden ugur alnyp, hut Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Bu merkez 2007-nji ýylyň dekabrynda açylyp, maňa onuň açylyş dabarasyna gatnaşmak bagty miýesser etdi we ol Merkezi Aziýadaky ençeme halkara işlerde mynasyp orun eýeledi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Aşgabatdaky Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Men bu merkeze birnäçe gezek baryp gördüm. Soňky ýyllarda merkeziň ýolbaşçylary bilen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde duşuşyklar boldy. Ýakynda men Ýerine ýetiriji komitetde merkeziň häzirki ýolbaşçysyny — Gruziýanyň wekili Kaha Imnadzeni kabul etdim. Biz bu hyzmatdaşlygy ýakyndan dowam etdirmegi ylalaşdyk. Biz Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça çärelerimize merkeziň bilermenlerini, ýolbaşçylaryny çagyrýarys. Olar hem Ýerine ýetiriji komitetiň wekillerini, GDA-nyň bilermenlerini öz çärelerine çagyrýarlar.

Türkmenistan üçin Merkezi Aziýada howpsuzlygy üpjün etmek örän uly ähmiýete eýedir. Ýurduň ýolbaşçylarynyň goňşy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary bilen işjeň gatnaşyk edýändiklerini, türkmen topragynda, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň paýtagtlarynda duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen goňşy döwletleriň Liderleriniň arasynda oňat hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýola goýuldy.

Meniň bu aýdanlarym ýurduň alyp barýan syýasy we halkara işjeňligine degişli işler barada boldy. Türkmenistan ynsanperwer hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berýär. Men ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde Maryda we Daşoguzda “GDA-nyň medeni paýtagtlary” maksatnamasynyň durmuşa geçirilendigini eýýäm aýtdym. Aşgabatda GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy geçirildi. Oňa Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeniýet, bilim ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Men hem forumyň işine gatnaşdym.

Türkmenistanyň çäklerinde sport çäreleri örän ýokary derejede geçirilýär. Ýurtda mekdep sporty üçin oňat binýat döredildi. RF-niň Döwlet Dumasynyň deputaty Irina Rodnina biziň sportda hyzmatdaşlygymyzyň bu ugruny howandarlyga aldy we Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň çakylygy boýunça mekdep okuwçylary bilen Awazada boldy. Awaza Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky iri medeni-syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistan GDA-nyň ähli ýurtlaryndan mekdep okuwçylaryny örän oňat kabul edip, mekdep sportunyň ösdürilmegine ýardam berdi. Mundan başga-da, men türkmen türgenleriniň GDA-nyň çäklerindäki dürli sport çärelerinde üstünlikli çykyş edýändiklerini bellemek isleýärin. Geçen ýylyň awgustynda Belarusda Arkalaşygyň ýurtlarynyň sport oýunlary geçirildi we bu ýaryşda Türkmenistandan köp türgenler çykyş etdi. Olar baýrakly orunlaryň ençemesini eýelediler, medallary gazandylar. Men hem şol oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralaryna gatnaşdym hem-de türkmen türgenleriniň mähirli kabul edilendigini gördüm.

GDA-nyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ulgamy barada hem aýtmak isleýärin. Ol ykdysady ulgamdyr. Türkmenistan bu ugurda hem işjeňlik görkezýär. Ýurduň başlangyjy boýunça GDA-nyň döwlet Baştutanlary 2019-njy ýylda Aşgabatda örän möhüm resminamany — GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamany kabul etdiler. Bu resminama soňra GDA-nyň “2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň strategiýasy hakynda” diýen beýleki bir möhüm resminamanyň binýadynda goýuldy. Şol resminama hem soňra kabul edildi. GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasynyň esasynda Türkmenistanyň Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamada beýan eden teklipleri goýuldy.

Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berýär. Türkmenistan çäk taýdan örän amatly ýerleşen, üstaşyr mümkinçiligi bolan döwletdir. Ýurduň çäginden demirgazykdan günorta, gündogardan günbatara ulag ýollary geçýär. Türkmenistan ulag geçelgelerini ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalaryň başyny başlap, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Şeýle-de ulag ugurlaryny işjeň ösdürýär. Bu, ilkinji nobatda, awtoulag, demir ýollar, howa ugurlarydyr. Türkmenistanda döwrebap howa menzilleri, häzirki zaman uçarlary bar.

Şeýle hem Türkmenistan energetika, nebitgaz ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar. Şoňa görä-de, men Baş sekretar hökmünde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hem-de agza ýurtlaryň wekilleriniň Türkmenistan bilen Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga uly kanagatlanma bildirýändiklerini aýtmagy möhüm hasaplaýaryn. Biz bu hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň we GDA-nyň beýleki döwletleriniň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, kämilleşdiriljekdigine ynanýarys.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýokary depginlerde ösýändigini hem bellemek isleýärin. Ýurtda diňe bir dokma önümlerini däl, eýsem, başga-da ýokary hilli önümleri öndürýän köp sanly döwrebap senagat kärhanalary döredildi. Türkmenistanyň şäherleriniň keşbi hem gün-günden özgerýär. Türkmenistana gidip, bu ýurdy görmeklerini maslahat berýärin. Giň şaýollary bolan ak mermerli Aşgabat, şeýle hem täze Arkadag şäheri görenlerde uly täsir galdyrýar. Meniň orunbasarym I.T.Nematow bu ajaýyp, döwrebap, hakykatdan-da, “akylly” şäheriň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu şäher ýatdan çykmajak täsirleri döredýär. Arkadag şäheri we ýurduň beýleki şäherleri yzygiderli ösdürilýär. Men Türkmenistanyň ähli welaýat merkezlerinde bolup gördüm hem-de olaryň näderejede özgerendigine göz ýetirdim. Bu ýerde ulag, saglygy goraýyş ulgamlary ösdürilýär. Täze ajaýyp mekdepler, ýokary we orta hünär bilim edaralary gurulýar.

Türkmenistanda sportuň, bedenterbiýäniň ilerledilýändigini hem bellemek gerek. Türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri barada men ozal aýdypdym. Haçanda Türkmenistanda bolanyňda, köp sanly sport desgalarynyň gurlandygyny görýärsiň. Şolaryň hatarynda sport merkezleri, stadionlar, dürli ýaryşlary geçirmek üçin desgalar bar. Aşgabadyň golaýyndaky meşhur “Saglyk ýoly” dagyň gerşinden çekilipdir. Oňa çykanyňda, şäheri synlamak bolýar. Saglygyny berkitmek isleýänler bu ýola çykýarlar. Türkmenistanyň ozalky Prezidenti hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow hem-de häzirki Prezidenti hormatly Serdar Gurbangulyýewiç sport bilen meşgullanyp, bu ugurda görelde bolýarlar. Sportuň we saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berýärler. Munuň özi örän guwandyryjydyr.

Ine, Türkmenistanyň ösüşi, biziň integrasiýa hyzmatdaşlygymyza gatnaşygy barada aýtmak islän zatlarym şulardan ybarat. Men Türkmenistanyň mundan beýläk-de biziň integrasiýa hyzmatdaşlygymyzyň işjeň agzasy boljakdygyna diňe bir umyt däl, eýsem, berk ynam bildirmek isleýärin.


— Türkmenistanyň baý medeniýeti bar. Türkmen şygryýetiniň kämilleşmeginde Magtymguly Pyragy nähili orun eýeleýär?


— 2024-nji ýyl Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Bu ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär. Bu şanly senedir. Merkezi Aziýada önüp-ösen (doglan) adam hökmünde men Magtymgulynyň adynyň beýik şahyr, akyldar, filosof hökmünde diňe bir Türkmenistanda, Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde hem meşhurdygyny aýtmak isleýärin. Eger-de ozal köpler şahyryň diňe adyny bilýän bolsalar, onda bu 300 ýyllyk ýubileý adamlara onuň döredijiligi, şygryýeti, filosofik garaýyşlary bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam eder.

Magtymgulynyň maňa sowgat berlen goşgular kitabyny okap, onuň şygyrlarynyň durmuş, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar barada pikirlenmäge iterýändigine göz ýetirdim. Bu kitaby okamak örän gyzykly, iň esasysy bolsa, ol dünýägaraýşyňy giňeldýär.

Şu ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many bar. Men bu ýubileýiň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, beýleki GDA ýurtlarynda hem bellenilýändigini kanagatlanma bilen nygtamak isleýärin. Şu ýyl Magtymgulynyň ýubileýine bagyşlanyp, köp çäreleriň meýilleşdirilendigine we geçiriljekdigine ynanýaryn. Arkalaşygyň köp ýurtlarynda, Aşgabatda Magtymgulynyň ýadygärlikleri bar. Astrahan şäherinde şahyryň ýadygärligi oturdyldy. Çünki Astrahan oblastynda ýaşaýan türkmenler bu meselede örän işjeňdirler. Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýola goýuldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly, Magtymgulynyň ýadygärlikleri, şahyryň adyny göterýän köçeler bar. Arkalaşygyň giňişliginde medeniýetiň ösdürilmegine uly goşant goşan akyldarlar, döredijilik adamlary baradaky hakydanyň goralyp saklanmagy, olara hormat goýulmagy ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Magtymgula bagyşlanan çäreleriň beýleki döwletlerde-de geçirilmegi biziň ýurtlarymyz üçin örän möhümdir. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bu çäreleriň geçirilmegini işjeň goldar.

Men ýakynda Belarusda boldum. Ol ýerde geçirilen GDA ýurtlarynyň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisinde Magtymgulynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu çäre Arkalaşygyň ýurtlarynyň ilçileri, beýleki gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edildi. GDA ýurtlarynyň ilçileriniň bu şanly senäni baýram etmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etmekleri bolsa örän möhümdir. Bu senäniň diňe bir Türkmenistan däl, eýsem, tutuş Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin hem uly ähmiýetlidigini ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin.


— Magtymguly Pyragy şygyrlaryny halka düşnükli dilde ýazypdyr. Onuň türkmen diliniň ösdürilmegine nähili goşandy bar?


— Magtymguly Pyragynyň türkmen edebi diliniň esasyny goýandygy hemmelere mälimdir we şahyryň eserleriniň türkmen halky üçin ähmiýeti örän uludyr. Näme üçin? Sebäbi onuň döwürdeşleri öz eserlerinde köp halatlarda arap we pars dillerini ulanypdyrlar, örän köp eserlerde arap-pars sözleri agdyklyk edipdir. Goşgularyny halka ýakyn, düşnükli dilde ýazandygy bolsa beýik akyldaryň öz halky üçin goýan beýik edebi mirasydyr.

Şu aýratynlyk şahyryň dünýäde şan-şöhratynyň dabaralanmagyny üpjün edipdir. Sebäbi halk Magtymgulynyň şygyrlaryny uly gyzyklanma bilen okapdyr we onuň öňe sürýän garaýyşlaryny tutuş kalby bilen kabul edipdir. Edebi eserlerini, parasatly pikirlerini halka ýakyn dilde beýan etmegi Magtymguly Pyragynyň dünýä şygryýetiniň öňdäki hatarlarynda orun almagyna getirdi.