31-nji ýanwarda Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde saglygy goraýşy ösdürmek meseleleri boýunça «tegelek stol» geçirildi.
Bu çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maglumat merkeziniň, Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Geňeşiniň wekilleri gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşanlar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Onda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan giňişleýin işe we Arkadag şäherinde döredilen saglygy goraýyş mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäherini gurmak boýunça döwlet komiteti bilen Germaniýanyň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasynyň arasynda ýakynda gol çekilen özara düşünişmek Ähtnamasy barada söz açmak bilen, Türkmenistanyň ilkinji akylly şäherinde halkara derejesindäki lukmançylyk toparynyň döredilmeginiň milli saglygy goraýyş ulgamyny we lukmançylyk pudagyny täze derejä çykarjakdygyny nygtadylar.
Türkmenistanda bol bolan ekologiýa taýdan arassa dermanlyk çig mal gory diňe ýurt içinde sarp etmek üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge mümkinçilik berer.
«Tegelek stol» başynda geçen maslahat «Arkadag» teleýaýlymynyň žurnalistleri tarapyndan ýazgy edildi.