Aşgabadyň medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky bölüminiň işgärleri «Bagt köşgi» toý dabarasy merkezinde «Zenan – zeminiň zynaty» mowzugy boýunça duşuşyk geçirdi.
Duşuşyga gatnaşanlar zenanlaryň maşgaladaky we jemgyýetdäki orny, aýal-gyzlara hormat goýmagyň milli däpleri we mukaddeslige sežde hökmünde enä hormat goýmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň öçmejek şygryýetinde türkmen gelinleriniň gözelliginiň we näzikliginiň, ojagy saklaýan aýallaryň edep-ekramynyň we ajaýyp terbiýesiniň wasp edilýändigini ýatladylar. Türkmen zenanlary çeper elli sungat ussatlarydyr. Olar deňsiz-taýsyz milli haly we şu güne çenli gelniň toý lybasyny bezeýän keşde sungatyny döredip, asyrlardan aşyryp biziň günlerimize ýetirdiler.
Duşuşykda bellenip geçilişi ýaly, häzirki döwürde milli däp-dessurlar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Häzirki wagtda türkmen aýal-gyzlarynyň okamak, işlemek we döretmek, bagtly maşgala gurmak we çaga terbiýelemek üçin uly mümkinçilikleri bar.