Ï «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýaşlary täze üstünliklere ugrukdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýaşlary täze üstünliklere ugrukdyrýar

view-icon 4815
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýaşlary täze üstünliklere ugrukdyrýar

Ýurdumyzda 2-nji fewralda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly: ýaşlar bilen döwrebap ösüşlere tarap» temasyndan ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi.

Çäräni Arkadag şäher häkimliginiň, prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Arkadag şäheriniň polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi bilelikde guradylar.

Onda ýurduň ýaşlar syýasatynyň ýaş nesliň başarnyklarynyň açylmagy, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna giňişleýin gatnaşmagy we Watanyň mundan beýläkki ösüşine goşant goşmagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen dürli ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Demokratik we Agrar partiýalarynyň şäher komitetleriniň, polisiýa müdirliginiň, kärdeşler arkalaşyklary birleşiginiň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň wekilleri çykyş edip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda üns berilmeli wezipeler, beýik türkmen akyldarynyň döredijilik mirasynyň ýaş nesli watanperwerlik, ahlak gymmatlyklary we milli ýörelgeleri ruhunda terbiýelemekdäki ägirt uly ähmiýeti barada gürrüň etdiler.

Çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, jemgyýetçilik kadalaryna we tertibe berk bolmak, maksada okgunlylyk, täzeçil pikirlenmek, Türkmenistanyň ýaş nesliniň ösüşiň häzirki ýokary derejelerine ýetmegi üçin täze tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny özleşdirmäge höwesini kemala getirmek ýaly meselelere üns berildi.

Okuw mekdebiniň eýwanynda guralan sergi duşuşygyň temasynyň we ondaky pikirleriň üstüni ýetirdi.