«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy ýurdumyzyň dürli künjeklerinden tebigaty söýýänleri iň gowy şygar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
Guramanyň gymmatlyklaryna we wezipesine laýyklykda daşky gurşaw şygary tebigy baýlyklaryň gözelligini hem-de özboluşlylygyny goramaga çagyryş bolmaly. Bäsleşige gatnaşýanlaryň esasy wezipesi rus ýa-da türkmen dilinde gysby, ýatda galyjy şygary döretmekdir. 2024-nji ýylyň 8-nji martyna çenli özboluşly we kreatiw şygarlary tebigatchy.jemg@gmail.com. elektron salgysyna ibermeli.
Hatda «Şygar bäsleşigi» diýip görkezmeli. Hatda bäsleşige gatnaşýan barada maglumat (ady, familiýasy, ýaşy we aragatnaşyk telefon belgisi) hem bolmaly. Bäsleşigiň maksady «Ýaş tebigatçy» guramasynyň işine ünsi çekmek we çagalarda hem-de ulularda tebigata aýawly garaýyş döretmekden ybarat. Bäsleşige ýaşyna garamazdan islendik adam gatnaşyp biler.
Bäsleşigiň netijeleri 10-njy martda yglan ediler. Ýeňijä bäsleşigiň guramaçylarynyň diplomy we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bir ýarym ýyl bäri işläp gelýär. Şu döwürde guramanyň işine işeňňir gatnaşýanlar ýaş nesliň we Türkmenistanyň talyplarynyň arasynda ekologiýa ähmiýetli ençeme çäre geçirdiler.