6-njy fewralda «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň Pariž ylalaşygynyň çarçuwasynda aç-açanlygyň giňeldilen gurluşyna laýyk gelmegi ugrundaky mümkinçiliklerini berkitmek» taslamasy boýunça giriş maslahaty bolup geçdi, bu taslama Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasy hem-de Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan hödürlenen taslama ýörelgesi esasynda Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň kätipligi tarapyndan tassyklanypdy.
FAO Pariž ylalaşygy boýunça gözegçilik, hasabatlylyk we aslyny barlamak ulgamlaryny işläp düzmäge gönükdirilen taslamany maliýeleşdirýän ýerine ýetiriji edara hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanda howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňip geçmek we Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek ugrundaky milli strategiýalar we başlangyçlar bilen tanyşdyrýan çykyş bilen FAO-nyň aç-açanlygyň giňeldilen gurluşy boýunça milli geňeşçisi Nazar Allaberdiýew çykyş etdi.
Maslahata gatnaşanlar taslama boýunça çäreler bilen baglanyşykly başlangyç pikirleri, mümkinçilikleri, kynçylyklary we çäklendirmeleri ýygnamak barada pikir alyşdylar we taslamanyň ýerine ýetirilmegi ugrundaky indiki ädimleri, olaryň sebitdäki beýleki aç-açanlyk başlangyçlary bilen bolup biljek utgaşyk täsirini ara alyp maslahatlaşdylar.
BMG-niň Dubaýda kabul edilen howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna girýänleriň 28-nji maslahatynda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň maý aýynda Howa boýunça Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşandyny tassyklandygyny aýtdy. Bu strategik resminama parnik gazlarynyň taşlandylaryny 2030-njy ýylda 2010-njy ýyldaka garanyňda, 20% azaltmagy göz öňünde tutýar. Aç-açanlygyň giňeldilen gurluşynyň çäginde işe gatnaşmak we yzygiderli hasabat bermek hökümetlere howa babatyndaky borçnamalaryna has gowy düşünmäge we amala aşyrmaly işlerini meýilleşdirmäge, taşlandylary azaltmakda we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda gazanylan ösüşe gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.