Ï Türkmenistanyň Mejlisi maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça täze kadalary girizmek boýunça işleri alyp barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisi maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça täze kadalary girizmek boýunça işleri alyp barýar

view-icon 3334
Türkmenistanyň Mejlisi maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça täze kadalary girizmek boýunça işleri alyp barýar

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri raýat-hukuk gatnaşyklaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen, şeýle hem energiýany tygşytlamak we ondan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Şunuň bilen birlikde, maşgala gatnaşyklaryny we gymmatlyklaryny berkitmek, gorap saklamak hem-de şu meseleler boýunça kazyýetlerde işe seredilişini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine täze kadalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Hereket edýän kanunlaryň birnäçesiniň kadalary döwrüň talabyna laýyk getirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Täze kanunlar Watanymyzy depginli ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga ýardam bermelidir.