Her ýyl 19-njy fewralda Bütindünýä deňiz süýdemdirijiler güni ýa-da Bütindünýä kit güni bellenilýär. Däp bolşy ýaly, ýurtlaryň köpüsinde deňiz süýdemdirijilerini goramak meselesine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge gönükdirilen tematiki çäreler geçirilýär.
Bu maksat bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Çagalar gaznasy bilen bilelikde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy «Deňiz süýdemdirijileri çagalaryň gözi bilen» atly surat bäsleşigini guraldy.
Bäsleşige ýurduň dürli welaýatlaryndan 200-e golaý her dürli döredijilik işleri iberildi. Çagalaryň çeperçilik ukyplaryna we bäsleşigiň mowzugyna laýyklygyna Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradowdan, ÝUNISEF-iň hünärmeni Sabrina Huseýnowadan we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden ybarat eminler topary baha berdiler.
Bäsleşigiň jemi boýunça oňa gatnaşyjylaryň ählisine şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlar berildi. Iň gowy on suratyň awtory Hazar döwlet goraghanasyna gezelenje gitmäge mümkinçilik aldylar.
– Bäsleşigiň çagalaryň arasynda şeýle uly gyzyklanma döredendigine örän şat. Bize diňe bir ýaş nakgaşlaryň zehinini görkezmän, eýsem, deňiz süýdemdirijilerini gorap saklamak baradaky çuňňur aladalaryny görkezýän ajaýyp suratlar gelip gowuşdy – diýip, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Leýli Şyhmädowa belledi.
Deňiz ösümlikleriniň we haýwanat dünýäsiniň dürli görnüşlerine baý Hazar deňziniň kenaryna gezelenç tebigatyň ýaşajyk janköýerlerinde oňat täsirleri we duýgylary döretdi.
Bäsleşigiň guramaçylary çagalaryň deňiz süýdemdirijilerini goramagyň möhümdigi baradaky düşünjesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän şeýle çäreleriň her ýyl geçirilmegine umyt bildirdiler.