Ï Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Halkara zähmet guramasynyň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Halkara zähmet guramasynyň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol duşuşygy geçirildi

view-icon 2738
Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Halkara zähmet guramasynyň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol duşuşygy geçirildi

Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, Sebitleýin direktory Beata Andresiň ýolbaşçylygynda HZG-niň wekiliýetiniň dowam edýän saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda bu halkara gurama bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin pudagara tegelek stol duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Türkmen tarapyndan geçirilen çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stoluň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň dürli pudaklarynda mynasyp iş bilen üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça pikirleri we teklipleri bilen paýlaşdylar hem-de özara ynanyşmak häsiýetli gepleşikleri geçirdiler. Hususan-da, Halkara zähmet guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky “2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynyň” taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň ahyrynda taraplar Türkmenistanda mynasyp iş bilen üpjün etmek boýunça tegelek stol duşuşygynyň netijeleri boýunça hoşallyk we kanagatlanma bildirdiler.