Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüş strategiýasynyň baş maksady boýunça pikirlerini beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän, özgerýän, üýtgäp duran we täze wehimleriň ýüze çykýan häzirki şertlerinde ykdysady ösüşi üpjün etmegiň uzak möhletleýin ösüş strategiýasynyň baş maksady bolup durýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, şunda oýlanyşykly ölçenen syýasy garaýyş, anyk maksatly kabul edilen dolandyryş çözgütleri, hasaplanylyp taýýarlanan meýilnamalar depginli ösüşiň esasy şertidir. Ýurdumyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ählisi üstünlikli durmuşa geçirildi. Geçen ýyl döwletiň kuwwatyny, halkyň parasadyny, abraý-şöhratyny, agzybirligini, maksatlaryň birligini görkezen şanly wakalara örän baý boldy diýip, kanagatlanma bilen belledi.
«2023-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklandy. Maýa goýum syýasaty hem üstünlikli amala aşyryldy. Önümçilik pudaklaryny, durmuş we hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Iň ýokary amatlyklar döredilen Arkadag şäheri dabaraly açyldy. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna hem badalga berildi» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.