Ï Türkmenistan kanunçylyk işlerini ösdürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan kanunçylyk işlerini ösdürýär

view-icon 3053
Türkmenistan kanunçylyk işlerini ösdürýär

Şu ýylyň 20–23-nji fewraly aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Dolandyryşy kämilleşdirmegiň hereketi (GSP) maksatnamasy Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda dört günlük maslahat geçirip, onda parlamentiň agzalaryny kanunçylyk işinde iň oňat halkara tejribesi bilen tanyşdyrdy.

Netijeli dolandyryşy, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagy we ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin oňat işleýän kanunçylyk ulgamy zerurdyr.

USAID GSP Türkmenistanyň Mejlisi bilen hökümetiň durmuş-ykdysady we dolandyryş maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegini aňsatlaşdyrmak üçin milli kanunçylyk ulgamyny güýçlendirmek üçin hyzmatdaşlyk edýär.

Öň USAID türkmen parlamentarilerine parlament işlerinde dünýädäki iň oňat tejribeler boýunça maslahatlary we okuwlar gurady, şeýle hem türkmen parlamentarileriniň kanunçylyk ulgamlaryny öwrenmekleri üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna okuw saparyny ýeňilleşdirdi.