Ï Ahal welaýatynyñ häkiminiñ ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniñ Eýranyñ Demirgazyk Horasan welaýatyna sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahal welaýatynyñ häkiminiñ ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniñ Eýranyñ Demirgazyk Horasan welaýatyna sapary

view-icon 3236
Ahal welaýatynyñ häkiminiñ ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniñ Eýranyñ Demirgazyk Horasan welaýatyna sapary

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyñ häkimi R.Hojagulyýewiñ Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyñ häkimi M.Hosseinejada bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Duşuşykda Türkmenistan bilen EYR-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtalyp geçildi.

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem saparyň çäklerinde iki goñşy welaýatyñ işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi.

22-nji fewralda Ahal we Demirgazyk Horasan welaýatlarynyň Saglygy goraýyş pudagynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň dowamynda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyñ senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de nebit-himiýa toplumy bilen tanyşdyryldy we bu pudaklar babatda hyzmatdaşylygy ösdürmek boýunça özara pikirler alyşyldy.