Ï Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçisiniň “British Library” kitaphanasyndaky duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçisiniň “British Library” kitaphanasyndaky duşuşygy

view-icon 3222
Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçisiniň “British Library” kitaphanasyndaky duşuşygy

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçisi Ý.Serýaýewiň Beýik Britaniýanyň “British Library” kitaphanasynyň Halkara aragatnaşyklar boýunça direktory Marsiýe Hopkins bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.  

Duşuşygyň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň “British Library” kitaphanasynda saklanýan asyl golýazmalarynyň nusgalarynyň göçürmesi bilen tanyşlyk gurnaldy. Beýik şahyryň golýazmalary bilen içgin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekilleriniň Beýik Britaniya saparyny gurnamak meselesi hem gozgaldy. Şeýle-de duşuşykda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragynyň golýazma mirasy” atly taýýarlanylýan dokumental filmi üçin “British Library” kitaphanasynyň wekilleriniň şahyryň golýazmalary barada gürrüň bermek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bulardan başga-da, “British Library” kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Golýazma institutynyň we kitaphanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

“British Library” kitaphanasynyň fondyna Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby hem-de “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitap sowgat berildi.