Ï Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk pudagynda iň oňat işgärler kesgitlener
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk pudagynda iň oňat işgärler kesgitlener

view-icon 3619
Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk pudagynda iň oňat işgärler kesgitlener

Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagynda işleýän aýallaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» at bilen bäsleşik geçirilýär.

Bäsleşik Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan gözegçilik edilýän «Türkmenhowaýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary» agentlikleri tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýär. Bäsleşigiň birinji tapgyry ýokardaky guramalaryň hersinde bolup geçdi. Indi birinji tapgyryň ýeňijileri öz aralarynda ukyp-başarnyklaryny görkezmeli bolarlar.

Bäsleşigiň indiki tapgyrynda iş lybasyndaky gatnaşyjylar gutlag sözi bilen çykyşlaryny, hünärleriniň aýratynlyklaryny, milli senetçilik ussatlygyny, şeýle hem türkmenleriň milli şaý-sepleri bilen bezelen egin-eşikleriň gözelliklerini görkezerler.