Ï «Iň gowy gyzlar gurnagy» bäsleşigine onlaýn-ses bermek yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Iň gowy gyzlar gurnagy» bäsleşigine onlaýn-ses bermek yglan edildi

view-icon 7998
«Iň gowy gyzlar gurnagy» bäsleşigine onlaýn-ses bermek yglan edildi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň guramagynda Aşgabat şäherindäki jemgyýetçilik guramalary merkezinde «Iň gowy gyzlar gurnagy» bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik meýdançasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň orta mekdeplerine wekilçilik edýän 9-11-nji synp okuwçy gyzlary iň ökde, zehinli, çeper elli we öý hojalykçy gyz ady ugrunda bäsleşdiler.

Okuwçy gyzlar gutlag çykyşynda öz gurnaklarynyň işleri barada gürrüň berdiler, olaryň şygarlaryny yglan etdiler, şeýle hem milli saz gurallarynda aýdym-saz kompozisiýalaryny ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň iň gyzykly pursatlarynyň biri hem gutarylmadyk milli keşdäni dowam etdirmek ukybynyň synagy boldy. Gyzlara el işleriniň degişli nusgalary hödürlendi. Bäsleşikden görnüşi ýaly, çeper elli gyzlar el işlerine ussatdyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň aşpezlik tapgyry desterhany türkmen milli tagamlary bilen bezemekden ybarat boldy. Oňa gatnaşanlar tagamly palaw, dograma, manty, işdäaçarlar we hamyrly dürli önümleri taýýarladylar. Saçakdaky her tagam bilen türkmen nakyllaryna görä tanyşdyryldy.

«Iň gowy gyzlar gurnagy» bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemek üçin onlaýn ses berlişik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň saýtynda açyldy.