FAO-GEF taslamasynyň «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň guraklyk çekýän we şorlaşýan ýerlerinde tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak» (CACILM-2) taslamasynyň sebitleýin ýolbaşçylygynyň wekiliýeti Türkmenistana geldi.
Saparyň maksatnamasy milli hyzmatdaşlar bilen duşuşygy we taslama boýunça satyn alnan enjamlary gowşurmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Tokaý kodeksine düzedişler girizmek boýunça üç günlük seminar geçirmegi öz içine alýar.
Şu ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginde halkara bilermenleriň Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak boýunça müdirlikleriniň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri bilen duşuşygy bolup geçdi. Duşuşyk tamamlanandan soň, taslama tarapyndan satyn alnan kompýuter enjamlaryny Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligine we GNSS enjamlaryny Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýer gorlary gullugyna gowşurma dabarasy boldy.
Paýtagtyň «Arçabil» myhmanhanasynda şu ýylyň 27–29-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Tokaý kodeksine düzedişler girizmek boýunça seminar geçiriler. Seminaryň maksady tokaýlary durnukly dolandyrmak (SFM) üçin milli ölçegleri we görkezijileri (C&I) işläp düzmek, ýurtdaky tokaýlaryň durnukly dolandyrylmasy we goralyp saklanmasy üçin Türkmenistanyň Tokaý kodeksine hukuk binýadyny gowulandyrmaga gönükdirilen düzedişler girizmek boýunça degişli milli bölümler bilen ara alyp maslahatlaşmaga ýardam etmekdir. Şeýle hem seminar SFM C&I we tokaý kanunçylygy özgertmelerinde şuňa meňzeş ýagdaýy başdan geçiren beýleki ýurtlardan alnan iň oňat tejribe we sapaklar baradaky bilim alyş-çalşygyna mümkinçilik döreder.
Seminaryň barşynda tokaý gözegçiligini we hasabatçylygyny gowulandyrmak, şeýle hem tokaý kanunçylygyny, tokaý syýasatyny we milli tokaý maksatnamalaryny işläp düzmek ýa-da täzeden gözden geçirmegi güýçlendirmäge niýetlenen milli SFM C&I-ni barlamak boýunça sessiýa geçiriler. Aýdyňlyk, yzygiderlilik we halkara ülňülerine hem borçlaryna laýyk ýörelgelere esaslanýan Tokaý kodeksine düzedişleri işläp düzmek okuw seminaryň möhüm düzüm bölegi bolar. Tanyşdyryşlaryň we çekişmeleriň netijeleri boýunça Tokaý kodeksini has-da kämilleşdirmek we durmuşa geçirmek boýunça birnäçe teklipler we geljekki çäreler düzüler.
1-nji martda seminar Arkadag we Aşgabat şäherleriniň töweregindäki ekme tokaý meýdanlaryna we Tokaý kodeksiniň amaly ulanylyşyna syn etmek hem öwrenmek üçin Gökdepedäki nahalhana baryp görmek bilen dowam etdiriler.
Bu seminar gyzyklanýan taraplaryň Tokaý kodeksine girizilen düzedişler barada düşünjesini we habardarlygyny ýokarlandyrmaga, Tokaý kodeksini has-da kämilleşdirmekde özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşant goşar diýlip garaşylýar.