Şu ýyl Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat edip biljek täze halkara howa menziliniň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalar ulanylyp, desgany gurmakda dürli hünärli hünärmenleriň 600-den gowragy zähmet çekýär.
Tok paýlaýjy bekediň gurluşygy, ýörite suw howdan hem-de ýangyna garşy gulluklar üçin otaglar tamamlaýjy tapgyrda barýar. Dispetçer gulluklarynyň işgärleri üçin 35 metrlik ýörite diňiň binasy, şeýle hem tehniki bölümler üçin beýleki binalar gurulýar.
Howa menziliniň ähli görnüşdäki uçarlary kabul edip biljekdigi çaklanylýar. Jebeldäki täze ulag-logistika merkezi geljekde diňe bir Balkan welaýatynyň däl, eýsem, tutuş Türkmenistanyň ösüşine hem oňyn täsirini ýetirer.