Ï Özbegistanda Türkmenistanyň möhüm hökümet we döwlet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özbegistanda Türkmenistanyň möhüm hökümet we döwlet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi

view-icon 3453
Özbegistanda Türkmenistanyň möhüm hökümet we döwlet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi

2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Bu çärä Özbegistan Respublikasynyň Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy, bu ýurduň türkmen diasporasynyň wekilleri we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdy.

Brifingde Türkmenistanyň Ilçisi Ş.Meredow çärä gatnaşyjylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly kesgitlenilen möhüm wezipeler barada giňişleýin tanyşdyrdy.

Şeýle hem, brifingiň dowamynda “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň esasynda alnyp baryljak giň gerimli işler, amala aşyryljak özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendigi bellenildi.