Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 3772
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi hakynda kanunlaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine täze kadalary girizmek işleri dowam etdirildi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk işini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga degişli kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar.

Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm waka boldy. “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda işlenip taýýarlanylan hem-de tassyklanan Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy deputatlaryň alyp barýan kanun çykaryjylyk hem-de wagyz işlerinde möhüm gollanma bolup hyzmat eder.

Şeýle-de daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen döwürde duşuşyklaryň 6-synyň geçirilendigi aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, deputatlar ýurdumyzyň degişli edaralary tarapyndan abraýly halkara düzümler bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça guralan okuw maslahatlarynyň 18-sine gatnaşdylar. Öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 5-si amala aşyryldy, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Tokio şäherinde iş saparynda boldy. Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny” atly birinji duşuşygy utgaşykly görnüşde geçirildi. Şeýle hem Mejlisiň deputatlarynyň kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, wagyz etmek, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýandyklary habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berkarar Watanymyzy maksatnamalar esasynda depginli ösdürmegiň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagyň kabul edilýän kämil kanunlara baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine üns çekildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ilkinji iki aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy hem 1,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 107,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,3 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Ýanwar-fewral aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24,6 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100,2 göterim, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,4 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 109 göterim berjaý edildi. Daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,5 göterime deň boldy. Şeýle hem polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmegiň, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ilkinji iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 104,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 124,2 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 123,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 123,2 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101,6 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 109,5 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 106,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,9 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 230,4 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlap, möwsüme taýýar etmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem ilatymyzy ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin degişli işler ýerine ýetirilýär, suw serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak boýunça maksadalaýyk çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek babatda agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin guramaçylyk hem-de gözegçilik işlerini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak barada aýdyp, suwaryş ulgamlaryna suwy tygşytly ulanmak boýunça häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän giň gerimli işler, hususan-da, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag we Aşgabat şäherlerinde ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin görülýän çäreler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, däp bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýyl özboluşly ekologik çäre bolan bag ekmek dabarasynyň geçirilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz 16-njy martda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 117,2 göterim, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 107,3 göterim berjaý edildi. Şu ýylyň geçen iki aýynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 100 göterime, Energetika ministrligi tarapyndan önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,4 göterime deň boldy. Ýylyň başyndan bäri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 143,7 göterim, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,8 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 109,7 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýyl ýurdumyzda birnäçe iri önümçilik we durmuş maksatly binalarydyr desgalary ulanmaga bermegiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu binalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagy üçin gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň netijeli işlemegini gazanmak zerurdyr. Şeýle hem himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegi üçin degişli işleri alyp barmagyň wajypdygy bellenildi. Energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem artdyrmak möhümdir. Sebitara we içerki awtomobil ýollaryny gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça nah matalary öndürmegiň meýilnamasy 100 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 100 göterime, gön önümleriniňki bolsa 106,1 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,2 göterim berjaý edildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar-fewral aýlarynda birža söwdalarynyň 49-sy geçirilip, 4 müň 455 şertnama hasaba alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, umumy girdejiniň ösüş depgini 102,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,4 göterime deň bolup, jemi 16 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň iki aýynda oba hojalyk we azyk harytlarynyň önümçiliginiň ösüş depgini 104,1 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini bolsa 107,3 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda işleri döwrebap ýola goýup, azyk önümleriniň hem-de halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara tejribeden ugur alyp, söwda işini kämilleşdirmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzda milli baýramçylyklar we Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň 9-njy fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kesgitlän wezipelerini we tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksadyndan ugur alnyp, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty, “Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti” atly maslahat guraldy, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli çäreler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleri birnäçe ýurtlarda iş saparlarynda bolup, medeni çärelere, festiwallara, maslahatlara gatnaşdylar.

Şeýle hem Germaniýanyň muzeýlerinde Parfiýa we Seljuk şalyklarynyň arheologik sergisini guramak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Medeniýet ministrliginiň wekilleri bilen Berlin şäheriniň Täze muzeýiniň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly iş duşuşygynyň geçirilendigi barada aýdyldy. Fewral aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy boldy. Hasabat döwründe teatrlaryň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleri barada hem habar berildi.

Şeýle-de wise-premýer döwlet maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, elektron neşirleriň sanyny artdyrmak, pudaga degişli elektron saýtlary häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän maglumatlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli göz öňünde tutulan medeni çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek barada tabşyryklar berildi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu maslahaty şu ýylyň 27-28-nji martynda guramak meýilleşdirilýär. Garaşylyşy ýaly, foruma ugurdaş halkara düzümleriň, ýurdumyzyň iri syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşarlar. Wekiller üçin Arkadag şäheri, täsin taryhy-medeni ýadygärlikler, muzeýler, umuman, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaklary üçin şertler dörediler. Şeýle hem myhmanlary Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşdyrmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde iş duşuşyklaryny, ylmy-amaly maslahaty, syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekmek dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny nazara alyp, taryhy ýadygärliklerimiz we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary bilim işinde giňden ulanyldy. Elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň gerimini giňeltmek boýunça işler amala aşyryldy. Mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 30 medal gazandylar.

Hasabat döwründe ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Ylmy temalaryň 494-siniň ýerine ýetirilişi utgaşdyryldy, okuw kitaplary, gollanmalar, maksatnamalar seljerilip, olaryň 359-sy makullanyldy. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hem-de gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek bilen bagly guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Ýanwar-fewral aýlarynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler geçirildi. Ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk hem-de döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirildi.

Bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, çempionatlara, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynda jemi 37 sany (10 altyn, 9 kümüş, 18 bürünç) medala mynasyp boldular. Döwlet Baştutanymyzyň Karary esasynda yglan edilen hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmek baradaky guramaçylyk toparynyň mejlisi geçirildi. Hünär kämilleşdirmek we tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara gulluk iş saparlary amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, olara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. Sporty ösdürmäge aýratyn üns berip, ýurdumyzda dürli sport çärelerini we halkara ýaryşlary yzygiderli geçirmek zerurdyr.

Soňra wise-premýer «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

“2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Hereketleriň meýilnamasynda” göz öňünde tutulan halkara innowasiýa merkezlerini, tehnoparklary döretmekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek teklip edilýär. Bu merkeziň esasy maksady ýurdumyzda we sebitde innowasion nano, bio we maglumat, kiberhowpsuzlyk, sanly, “akylly”, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa, kompýuter, mobil programmalary, elektron enjamlaryň tehnologiýalary ugurlary boýunça önümleri öndürmekden hem-de satmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylmyň, önümçiligiň we senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň şu ýyl hem depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,3 göterim möçberde saklanýar. Hasabat döwründe senagatda ösüş depgini 5,6 göterim derejede saklanýar. Bu görkeziji söwda ulgamynda 8,1 göterim, ulag we aragatnaşykda 6,6 göterim, oba hojalyk pudagynda bolsa 3,9 göterim boldy. Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutup, gazanan ösüş depginimizi saklap galmak üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde eziz enelerimiziň uly işleri bitirýändiklerini belledi. Yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän ýokarydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralarynyň, birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Mart aýynda bellenip geçiljek baýramçylyklara, geçiriljek dabaralara, çärelere we halkara olimpiadalara gowy taýýarlyk görmeli hem-de ýokary derejede geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda belledi we anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.