Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri geçiş döwrüniň ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň ähmiýetiniň artýandygyny belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri geçiş döwrüniň ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň ähmiýetiniň artýandygyny belledi

view-icon 2879

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynda geçiş döwrüniň ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň ähmiýetiniň artýandygyny belledi.

«Häzirki dünýä mundan birnäçe onýyllyklardan öňki dünýä meňzemeýär. Ol örän çylşyrymly, köp ölçegli dünýä öwrüldi, onda ençeme ugurdaş meýiller ýüze çykdy. Şolaryň biri-de geçiş döwrüniň ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň ähmiýetiniň artýandygydyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň pikirine görä, bu ýurtlar düýpli demografik, ylmy, önümçilik we serişde mümkinçiligine, köplenç bolsa, geografik taýdan kesgitleýji mümkinçilige eýedir. Şu we beýleki şertler sebäpli, olara dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjylarynyň, syýasy, durmuş, ynsanperwer ösüşi üpjün edijileriň biri hökmünde uly orun degişlidir. 

«Geçiş ykdysadyýetli ýurtlar köp babatda durnukly, ýöne gaýtadan gurmagy talap edýän dünýä gurluşyna itergi bermelidir, täze garaýyşlary we wezipeleri girizmelidir diýip, pikir edýärin!» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, gürrüň, ilkinji nobatda, durnukly ösüş maksatlary hakynda barýar.

«Biziň pikirimizçe, diňe häzirki zaman dünýä gurluşynyň esasy işlerine geçiş ykdysadyýetiniň doly görnüşde gatnaşmak şertleri üpjün edilende, şu maksada ýetmek mümkindir. Geljegiň ykdysadyýetiniň nusgasy hökmünde bu işlerde gymmatlyklary paýlamaga, olary eltmegiň serişdelerini we ugurlaryny peýdalanmaga uly üns berilmelidir. Täze çemeleşmeleri tapawutlandyrmazdan, syýasylaşdyrma we kemsitmelere ýol berilmeli däldir» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.