16-njy martda Türkmenistanda ýazky bag ekmek dabarasy başlanýar. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli ýazky bag ekmek dabarasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýazky bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Adatça, ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän ählihalk çäresi bagly meýdanlaryň çägini giňeltmäge we şäher gurşawynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Bag ekmek dabarasyna talyplar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we dürli pudaklaryň işgärleri işjeň gatnaşýarlar.
Ozal habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylda Aşgabatda we Arkadag şäherinde 1,5 million ýaprakly, pürli, miweli agaç we üzüm nahallary ekiler. Şol sanda ýene 1,5 million nahal ýurdumyzyň sebitlerinde ekiler. Şeýlelikde, ýylda ekilen agaçlaryň umumy sany 3 milliona ýeter.
Daşky gurşawy goramak ministrligine ministrlikleri, pudaklaýyn edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm nahallary we üç ýyllyk agaç nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem nahal ekilişine gözegçilik etmek hem-de olara ideg etmek tabşyryldy.