Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 4304
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy üçin şertleri döretmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby ulgama döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda parahat we abadan durmuşyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýän goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň esasy meselelerine ünsi çekdi. Ýaragly Güýçlerimizi ýokary hilli döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, sanly ulgamy işjeň ulanmagyň hasabyna Goranmak ministrliginiň we onuň garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýaş harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça sapaklary, olaryň arasynda watançylyk ähmiýetli çäreleri yzygiderli guramagyň wajypdygyny belläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň jemleri, prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, düzümleýin edaralara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan çäreler, prokuror gözegçiliginiň täze usullarynyň ulanylyşy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunyň rüstemligini üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak üçin anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu düzümiň öňünde duran gaýragoýulmasyz wezipeleri takyk ýerine ýetirmegiň wajypdygyny aýdyp, Baş prokurora kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk ýerine ýetirilmegine barlaglaryň talabalaýyk geçirilmegi babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow hasabat döwründe hukuk tertibini pugtalandyrmak, düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny we ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem edaranyň işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, täze binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, hukuk tertibiniň ýokary derejede berjaý edilmegini we jemgyýetçilik tertibiniň goralmagyny üpjün etmek meselesini üns merkezinde saklamak tabşyryldy. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işini has-da döwrebap gurap, raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigini belledi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, bu edarany ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegiň barşy, edaranyň düzümlerine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kazyýetleriň esasy wezipesiniň kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün etmekden, hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleridir şertleri aradan aýyrmakdan ybaratdygyny belledi. Kazyýet işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy tejribäni we sanly ulgamy işjeň ulanmak zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna kazyýet edaralaryna aň-düşünjeli, arassa ahlakly, işbaşarjaň, halal işgärleri saýlap-seçip almagy tabşyrdy.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Milli howpsuzlyk ministrligini ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny goramagyň, Watanymyzyň abadançylygyny üpjün etmegiň, ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmagyň bu edaranyň esasy wezipeleridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekip, seljerme işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, ministre düzümleýin edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, şahsy düzümiň nazaryýet we amaly taýýarlygyny kämilleşdirmek işini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň serhetleri ähli goňşy ýurtlar bilen dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň serhedi bolup durýar. Şeýle-de serhet goşunlarynyň ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, mundan beýläk-de serhet birikmelerini döwrebap harby tehnikalar we enjamlar bilen yzygiderli üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Ýurdumyzda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň esasy wezipeleriniň biri serhetçileriň netijeli gulluk etmegi, abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra adalat ministri M.Taganow 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini yzygiderli öwrenmegiň we iş ýüzünde ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna hukuk taýdan seljerme geçirmek, olaryň kanunalaýyk bolmagyny üpjün etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr ýükleriň akymyny kadalaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möhüm üstaşyr ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň geostrategik ornunyň barha artýandygy bilen baglylykda, häzirki döwürde bu gullugyň işiniň ep-esli artandygyny belledi. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň işjeň ulanylmagy serhetden geçýän ähli harytlarydyr ýükleri çalt hem-de talabalaýyk gözden geçirmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we daşary ýurtlardan ýurdumyza getirilýän harytlary berk gözegçilikde saklamagy, gümrük amallarynyň halkara talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow gözegçilik edýän düzümleriniň şu ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şol sanda işgärleriň migrasiýa ulgamyndaky nazary we amaly bilimlerini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatlardaky düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly geçirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gullugyň işgärleriniň üstüne ýüklenen wezipeleriň takyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň, hünär ýokarlandyryş okuwlaryny guramagyň möhümdigi nygtaldy. Bu edarany ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň öz möhletinde we talabalaýyk ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek babatda aýratyn tabşyryk berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi nygtaldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.