Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we ähli gelin-gyzlaryna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we ähli gelin-gyzlaryna

view-icon 5038

Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!

Sizi göwünlere ylham berýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Başymyzyň täjine deňeýän enelerimize, ýüzümiziň tuwagy bolan gelin-gyzlarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, durmuşyňyzyň gül-gülälekli, hoştap howaly mylaýym bahar ýaly owadan bolmagyny arzuw edýärin.

Maşgalanyň sütüni hökmünde ýokary ahlaklylygyň nusgasy bolan eziz enelerimiziň mertebesini belentde tutmak türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz biziň abraý-mertebämizdir. Ata-babalarymyzyň «Ata sözi — hikmet, ene sözi — rehnet», «Gyz edebi — il edebi», «Gyzly öý — soltanly öý» diýen dürdäne sözleri türkmen halkynda zenan mertebesiniň, hormatynyň mydama belentde tutulandygyny subut edýär. Täze ýaşaýşyň buşlukçysy bolup, tebigaty gözelligi bilen özgerdýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde milli ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi mynasyp dowam etdirýän enelerimiziň, gözelligi edep-ekrama ýugrulan gelin-gyzlarymyzyň şanyna guralýan aýdym-sazly dabaralaryň olaryň göwünlerini galkyndyryp, Garaşsyz Watanymyza bolan söýgini we buýsanjy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Mähriban eneler!
Hormatly gelin-gyzlar!

Türkmen halkynyň adynyň dünýä ýaýylmagynda, mertebesiniň beýgelmeginde, gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetmeginde eziz enelerimiziň, mährem gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty uludyr. Belent ruhly, kämil nesli kemala getirmekde enelerimiz, gelin-gyzlarymyz tarapyndan döredilen hüwdüler, läleler, monjugatdylar ýaly halk döredijiliginiň nusgalary ýaşlarda lebzihalallygy, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, ululary sylamagy, il-güne wepalylygy, belent ahlaklylygy terbiýeleýän, türkmeniň ähli ýagşy gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýän edep mekdebidir.

Asyrlaryň dowamynda kämilleşip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen gadymy halyçylyk sungaty, el işleri türkmen zenanlarynyň ruhy gözelliginiň aýnasydyr, enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň zehinini, paýhasyny äleme ýaýýan nepis sungat eserleridir. Türkmen gözelleriniň kalbyna deňelýän bu sungat eserlerinde halkymyzyň ruhy medeniýeti, egsilmez çeperçilik ukyby, köňül arzuwlary jemlenendir. Olaryň yhlasly zähmeti, jöwher zehini bilen dörän we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgalary bolan türkmen milli halyçylyk hem-de keşdeçilik sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi müňýyllyklardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrýar.

Biz mähriban enelerimiziň ösüp gelýän nesillerimizde milli buýsanjy, belent ynsanperwer häsiýetleri terbiýelemekde bitirýän hyzmatyna ýokary baha berýäris. Maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, nesilden-nesle geçirip gelýän däplerimizi dowam etdirmek bilen, zenanlarymyzyň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda giňden amala aşyrýan özgertmelerimiziň durmuşa geçirilmegi ugrunda çekýän yhlasly hem-de netijeli zähmetine çäksiz buýsanýarys.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlaryna mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilýär, gender deňligi kanun arkaly üpjün edilýär. Olaryň hukuklaryny, bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak babatda hem ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, Watana wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge asylly goşantlary üçin «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy, «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy zenanlarymyzyň bagtyýarlygynyň, olara goýulýan hormatyň nyşanydyr.

Mähriban zenanlar!
Eziz eneler!

Sizi Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala ojaklaryňyzda abadançylyk, bagtyýarlyk, durmuşyňyzyň bolsa mylaýym bahar pasly ýaly elmydama owadan we nurana bolmagyny arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.