Ï Köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasy

view-icon 3358
Köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasy
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew, Alekseý Gimalitdinow

Şu gün paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri sarpalamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.

“Zenan — ýokary ahlagyň nusgasy” diýen parasatly jümläni döreden halkymyz enelerimizi gözelligiň we ýaşaýşyň gözbaşy hasaplap, olara hemişe aýratyn gadyr goýupdyr. Türkmen jemgyýetinde gadymy döwürlerden bäri belent hormata mynasyp bolan gelin-gyzlarymyzyň keşbinde mähirlilik, ýürekdeşlik, wepadarlyk, parasatlylyk häsiýetleri gözellik bilen sazlaşykly utgaşýar. Halkymyzyň bu asylly däpleri umumadamzat ähmiýetli taslamalaryň we giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän zamanasynda mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty esasynda mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza hormat-sarpa barha artýar.

Häzirki döwürde Halkara zenanlar güni milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýurdumyzda giňden bellenilýär. Munuň özi zenanlarymyzyň döwletimiz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalýandygynyň güwäsidir. Jemgyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan zenanlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eýeleýän işjeň orny olaryň özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine goşýan goşantlarynda hem aýdyň görünýär.

Çärä gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn syýasatyň netijesinde halkymyzyň abadan, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Durmuşa geçirilýän anyk çäreleriň çäklerinde ýurdumyzda her bir raýat, maşgala, ilkinji nobatda, köp çagaly maşgalalar üçin maddy ýeňillikleriň takyk ulgamy kemala getirildi.

Zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Häzirki döwürde mähriban gelin-gyzlarymyz döwlet, häkimiýet, dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barýarlar, jemgyýetçilik işi bilen meşgullanyp, Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerine öz goşantlaryny goşýarlar. Eneligi we çagalygy, maşgala gymmatlyklaryny goramak, zenanlarymyzyň hünär, döredijilik, aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak baradaky alada ýurdumyzyň ösüş strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Munuň şeýledigine bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän anyk çäreler, eneleriň saglygynyň goralmagyna, çagalaryň kämil ösüşine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goldanylmagy we beýlekiler aýdyň mysal bolup biler.

Watanymyza hem-de halkymyza wepaly, bilimli, sagdyn, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde zenanlarymyza aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda perzendine bolan söýgüden we aladadan kalplary doly eneler belent hormata eýedir. Olar öz çagalarynda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ýagşylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýokary adamkärçilik häsiýetleri kemala getirýärler.

...Şu gezekki dabara baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän şu ýylda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly ada ildeşlerimiziň ýüzlerçesi mynasyp boldy. Bu at eneleriň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň, Watanymyzyň rowaçlygyna, gülläp ösüşine goşýan goşandynyň ýokary derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamaga, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalar ýokary amatlykly täze öýleriň açarlarynyň eýeleri boldular. Olar Aşgabat şäheriniň Berkararlyk we Büzmeýin etraplarynda şu gün açylyp ulanmaga berlen jaýlarda uly ruhubelentlik bilen jaý toýlaryny toýladylar. Şu gün köp çagaly maşgalalara Arkadag şäherinde gurlan jaýlaryň açarlarynyň gowşurylandygyny hem bellemek gerek.

Dabara gatnaşyjylar, öz gezeginde, döwletimizde giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, bagtyýar durmuşda ýaşamaga hem-de netijeli zähmet çekmäge amatly şertleriň döredilýändigi, zenanlarymyz üçin edilýän ähli tagallalar, jemgyýetde belent ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy, ýaş nesil baradaky aladalary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzyň ähli zenanlarynyň adyndan çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, olaryň düzümleýin bölümlerinde, kärhanalarda we guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalarda zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däp bolşy ýaly, pul sowgatlaryny gelin-gyzlaryň ählisi, şol sanda talyp gyzlar, mekdepde okaýan hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlar aldylar.

Şanly sene mynasybetli tutuş ýurdumyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Şu bahar günlerinde ähli ýerlerde gelin-gyzlaryň adyna mähirli arzuwlar we gutlaglar ýaňlanýar, konsertler, sergiler, bäsleşikler, dürli duşuşyklardyr beýleki çäreler geçirilýär.