Ï Täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi

view-icon 3689
Täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi

Ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige beslenip bellenilýän gözelligiň we mukaddesligiň baýramy – Halkara zenanlar gününde Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň ugrunda Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylaryna niýetlenen 2 sany 4 gatly, her biri 24 öýli  we şäher häkimliginiň işgärleri üçin bir sany 4 gatly, 24 öýli  ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelýän raýatlarymyz bilen bilelikde zenanlarymyzyň ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

Ähli amatlyklary bolan täze döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly aýdym-sazlaryna giň gerim berilmegi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň  wekilleriniň, täze jaýa göçüp gelen bagtyýar raýatlarymyzyň hoşallyk çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy baýramçylyk ruhy bilen utgaşan  jaý toýlaryny ýatdan çykmajak pursatlara öwürdi.

Türkmenabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda «Höwesli ugur» hususy kärhanasy tarapyndan ýokary hil derejesinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary giňligi we ýagtylygy bilen tapawutlanyp,  myhmanlara, çagalara, şeýle hem dynç almaklyga niýetlenen otaglardan, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen aşhanadan ybaratdyr.

Şowhunly dabaranyň dowamynda 8 çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdireni üçin «Ene mähri» diýlen hormatly atlara mynasyp bolan eneleriň maşgalalaryna hem döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy ýurdumyzda eziz enelere, gelin-gyzlara, nesillere goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasyna öwrüldi.