Ï Ýurt garşy alsyn!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurt garşy alsyn!

view-icon 3929
Ýurt garşy alsyn!
camera-icon
Andreý Pakulow

Döwletli Diýarymyzyň ähli sebitlerinde, etraplardyr şäherlerinde gurlup ulanylmaga berilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň hatary barha artýar. Halkara Zenanlar baýramynyň  taryhy senesiniň giňden bellenilen gününde hem şeýle dabaralar baý mazmuna, egsilmez joşguna, aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň 14-nji ýaşaýyş jaýlar toplumynda şäher ýaşaýjylary üçin her biri 40 hojalyga niýetlenen dört gatly, iki sany täze  ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmegem munuň aýdyň şaýady bolup durýar. Ýeri gelende aýtsak, ýaşaýyş jaýlary 2 we 3 otaglardan ybarat bolup, olarda ýaşaýyş üçin hemme döwrebap amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Ajaýyp zamanamyzda Günbatar sebit merkeziniň binagärlik gözelligini artdyran  bu dört gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy turuwbaşdan ýokary ruhubelentlige, egsilmez şatlyk-şowhuna beslendi.

Täsirli, şowhunly geçen dabarada çykyş edenler täze ýaşaýyş jaýlarynyň Halkara zenanlar gününiň dabaraly bellenilen gününde mähriban enelerimize, olaryň maşgalalaryna  özboluşly  ajaýyp sowgat bolandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle-de täze ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak bagtyna eýe bolan agzybir maşgalalar özleriniň ýürek buýsançlaryny aýtdylar.

Ýokary hil ülňülerine laýyk gurlan täze ýaşaýyş jaylaryny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Daň ýagtysy» hususy kärhanasynyň   ussat gurluşykçylary bina etdiler. Onuň açylyş dabarasynyň dowamynda aýratyn tapawutlanan  gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar  gowşuryldy. Şeýle-de ýatdan çykmajak ýakymly, tolgundyryjy pursatlarda ýaşaýjylara täze öýleriň açarlary   gowşuryldy.  

Belentden tutulan dabarada medeni çäre giň orun berlip, onda balkanly medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Olaryň joşgunly çykyşlarynda ata Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründäki buýsançly ösüşleridir rowaçlyklarynyň, abadan, gözel, bagtyýar durmuşymyzyň,  Halkara zenanlar gününiň waspy aýdyň beýanyny tapdy. Aýdym-saz, tans, halk döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlaram çäksiz şatlyk-şowhuna eýe bolup, alyslara ýaň saldy.

Il sylagly hormatly ýaşulularyň ak patasyndan soň, dabara gatnaşyjylar  ýaşaýyş jaýlaryň öý otaglaryna aýlanyp gördüler hem-de döredilen döwrebap  şertlerdir giň mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyş boldular. Şeýle-de olar ähli ýaşaýjylaryň adyndan baky bagtyýarlygymyzyň, döwletli döwranymyzyň baş sakasynda durýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman  Serdarymyza, hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.