Ï Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda brifing geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda brifing geçirildi

view-icon 2889
Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda brifing geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä Hindstanda ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Brifingiň dowamynda Ilçi Ş.Geldynazarow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalarynyň netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwaty yzygiderli berkidilýändigi, “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” esasynda alnyp baryljak giň gerimli işler, amala aşyryljak özgertmeler barada belledi.

Şeýle-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda meýilleşdirilen giň gerimli çäreler barada çykyş edildi.