Ï Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

view-icon 2752
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory J.Samuşiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym we medeniýet pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi, rektory şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli meýilleşdirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy.

Rektor J.Samuşiýa mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny aýtmak bilen, bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge goşant goşjakdygyny aýratyn belledi.