Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
4-nji martda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekip, bu işleriň guramaçylykly geçirilmeginiň bol hasyl almakda möhüm şert bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek meýdanlaryň ekişe doly taýýar edilmegini, pagtaçy daýhanlaryň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary möwsüme doly taýýar etmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda degişli görkezmeleri berdi. Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe tabşyryklar berildi.
5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda energetika ulgamy geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Hormatly Prezidentimiz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak, üstaşyr geçirmek üçin syýasy, maliýe, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygy bellenildi. Şunda Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlar boýunça bu gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.
6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekdi.
7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Hususan-da, milli hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, azyk önümlerini öndürýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň işini kämilleşdirmek, nebitgaz pudagyny nebitgazly känlerde çuňlugy 7 müň metrden geçýän guýularda degişli işleri geçirmäge mümkinçilik berýän täze enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Aşgabat şäherinde täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy boýunça halkara bäsleşigi geçirmek, “Türkmendemirýollary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak üçin görülýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berildi. Ýakyn wagtda meýilleşdirilen möhüm dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy. Şolaryň hatarynda 16-njy martda ýurdumyzda, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasy bar.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergini we maslahaty şu ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär. 21-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda”, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki meýdançalarda, şeýle hem Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar guralar. “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek üçin taýýarlyk görülýär.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Watanymyzyň milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny döwrüň täzeçil talaplaryna laýyk getirmek, BMG-niň ähli düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşini döretmek baradaky teklip hödürlenildi. Bu geňeşiň işi degişli wezipeleri çözmäge gönükdiriler. Şolaryň hatarynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslamalary taýýarlamak, seçip almak, tassyklamak bilen bagly işleri utgaşdyrmak we Türkmenistanyň Hökümetine bu babatda teklipleri taýýarlamak wezipesi bar. Şeýle hem guramanyň çäklerinde halkara başlangyçlary öwrenmek, türkmen tarapy üçin maksadalaýyklygyna görä, olara goşulmak we goldamak babatda teklipleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” we kabul edilen hereketleriň milli meýilnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine syn etmek, olary iş ýüzünde amala aşyrmagyň ýollaryny maslahatlaşmak teklip edilýär.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähriban enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryna, şol sanda edara-kärhanalarda zähmet çekýän, hormatly dynç alyşdaky zenanlara, mekdeplerde okaýan, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak çäreleri geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly ada eýe bolan, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen eneleri sarpalamagyň çäklerinde, olara ýokary amatlykly täze öýleriň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.
“Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda boldy. ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid öz çykyşynda häzirki döwrüň ekologik wehimlerine, durnukly ösüşi, energetika we azyk howpsuzlygyny, sebitde ählumumy abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen gönüden-göni baglanyşykly howa meseleleriniň esasy ugurlaryna ünsi çekmäge mümkinçilik berýän duşuşygyň ähmiýetini belledi. Duşuşygyň dowamynda suw serişdelerini durnukly dolandyrmagyň, suw diplomatiýasyny ösdürmegiň, bu işe zenanlary işjeň çekmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, bu meseleler boýunça habarlylygy artdyrmak üçin utgaşdyrylan çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna üns çekildi. Şeýle hem daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi.
Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen geçirilen duşuşygyň barşynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, kanun çykaryjylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen hepdede Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisi hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi. Bu çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Owganystanyň döwlet düzümleriniň wekillerinden, 230-dan gowrak kompaniýanyň we kärhananyň ýolbaşçylaryndan hem-de hünärmenlerinden ybarat uly wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Sergide azyk we ýeňil senagat, gurluşyk, hojalyk we senagat himiýasy, saglygy goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy ýaly ugurlarda önüm öndürijiler öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Plastik önümleri öndürýän kärhanalar, metallurgiýa zawodlary, nebitgaz pudagyna ýöriteleşen, ulag-logistika ulgamyna degişli kompaniýalar senagat hem-de beýleki pudaklarda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrdylar. Owgan banklarynyň işi bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligi hem döredi. Halk senetçiligine, amaly-haşam sungatyna bagyşlanan pawilýonlar sergä gelenleriň ünsüni çekdi.
Türkmen-owgan işewürlik maslahatynyň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport, maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli ulanmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň owgan kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda bilelikdäki taslamalar hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekildi.
Türkmenistan bilen Owganystanyň zenan telekeçileriniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda özara bähbitli işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça ylalaşyk gazanyldy. Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň işewürleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň göçme birža söwdalary geçirildi. Söwdalaryň dowamynda jemi 70-den gowrak geleşik baglaşyldy. Geleşikleriň jemi bahasy daşary ýurt pulunda ABŞ-nyň 107 milliondan gowrak dollaryna, milli pulda 33 million manatdan gowraga barabar boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirdi. Ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we demir ýol ulgamlary ýaly iri taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi. Duşuşygyň dowamynda iki goňşy ýurduň serhet ýakalarynda däne ammarlaryny, söwda toplumlaryny we zerur bolan beýleki desgalary gurmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen hepdede Mejlisde Awstriýanyň Parlamentiniň agzasy, “Awstriýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziç bilen duşuşyk boldy. Taraplar türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Şeýle hem Mejlisde Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy boldy. Duşuşykda kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, daşky gurşawy goramakda täze çemeleşmeler, gender deňligini üpjün etmek, ýaşlaryň we zenan parlamentarileriň syýasy derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada durlup geçildi. Şeýle-de yzygiderli esasda geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekdäki ähmiýeti beýan edildi.
Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde däp bolan “Gözellik döredýän zenanlar” atly sergi-bäsleşik guraldy. Onda tejribeli suratkeşleriň, sungat we senetçilik höwesjeňleriniň, çeper döredijilik gurnaklarynyň okuwçylarynyň dürli görnüşlerde we usullarda ýerine ýetiren işleri öz beýanyny tapdy. Bäsleşigiň ýeňijileri Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşleriniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen taekwondo (ITF) boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşa ýurdumyzdan 23 türgen gatnaşdy. Ildeşlerimiz 11 döwletden 1500-e golaý türgeni bir ýere jemlän bu iri ýaryşda 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç medal gazandylar.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.