Ï Aşgabatdan Milana we Hoşimine täze ugurlar açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatdan Milana we Hoşimine täze ugurlar açyldy

view-icon 2796
Aşgabatdan Milana we Hoşimine täze ugurlar açyldy

5-nji martda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ilkinji uçary türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinden Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça gatnawy amala aşyrdy.

Boeing 777-200LR uçary Wýetnamyň günortasyndaky iri şäheriň howa menziline gondy. Täze uçuşyň ilkinji ýolagçylary mähirli garşylandy we olary bu ýurduň wekilleri gutladylar. Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasynda söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilikleri giňeltmek üçin milli awiakompaniýa hepdede iki gezek Hoşimine yzygiderli gatnawlary amala aşyrar. Petekler «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda, edaralarynda we howa gatnawy agentliklerinde elýeterlidir.

6-njy martda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň B737-800 uçary Italiýanyň Milan şäheriniň howa menziline gondy. Malpensa halkara howa menzilinde geçirilen täze ugruň işläp başlamagyna bagyşlanan dabara ýerli resmi adamlar, Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow we «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň wekili gatnaşdylar.