Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykdaky ÇYKYŞY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykdaky ÇYKYŞY

view-icon 2539

Hormatly aksakgallar!

Gadyrly myhmanlar!

Siziň ähliňizi gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda hoş gördük! Ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin siziň ähliňize minnetdarlyk bildirýärin.

Biziň duşuşygymyz ähli musulman ymmatynda aýratyn hormatlanýan we bereketli aý hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji gününe gabat geldi. Bu aý adamlaryň durmuşynda belent ruhy gymmatlyklaryň — ynsanperwerligiň, haýyr-sahawatlylygyň, hoşniýetliligiň hem-de ahlak tämizliginiň dabaralanmasydyr. Bularyň ählisi häzirki zaman jemgyýetini sazlaşykly ösdürmekde, halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmakda we mynasyp nesli kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Mümkinçilikden peýdalanyp, sizi we türki döwletleriň ähli doganlyk halklaryny mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, siziň etjek doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun we ähli asylly işleriňiz rowaç alsyn!

Gadyrly dostlar!

Biz Türkmenistanda 2024-nji ýylyň şygaryny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan etdik. Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy adamlaryň kalbynda mynasyp orun aldy. Onuň döredijiligi diňe bir türkmen ýa-da türki halklarynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň hem medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşup, umumadamzat edebiýatynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Biz şu ýyl halkara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen milli we halkara derejedäki çäreleriň giň toplumyny hyzmatdaş döwletlerimiz, halkara guramalar bilen bilelikde geçirmegi meýilleşdirýäris. Bu şanly sene mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigini ýatlamak isleýärin.

Umuman aýdanymyzda, medeniýet we döredijilik özünde ata-babalarymyzyň filosofik hem ideologik gymmatlyklaryny jemläp, halklary ýakynlaşdyrmakda wajyp gural bolup hyzmat edýär. Elbetde, biziň geçirjek maslahatymyz hem türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda we türki halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde möhüm ädim bolar diýip hasap edýärin.

Hormatly adamlar!

Aşgabat şäherinde geçirilýän bu mejlisiň guramaçylykly hem-de çuň mazmunly bolmagy babatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Sekretariaty, Aksakgallar geňeşi we oňa agza döwletler tarapyndan uly taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Öňde duran maslahatyň dowamynda biz häzirki zamanyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşarys we geňeşiň geljekde alyp barjak işleri dogrusynda garaýyşlarymyzy paýlaşarys.

Pursatdan peýdalanyp, men Aksakgallar geňeşiniň başlygy, gadyrly doganym Binali Ýyldyryma, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewe we geňeşiň ähli agzalaryna yzygiderli goldawyňyz, mejlisiň taýýarlygy babatda netijeli işiňiz, utgaşykly zähmetiňiz üçin minnetdarlygymy beýan edýärin.

Hormatly ýaşulular!

Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň işine hemişe uly hormat goýmak hem-de gyzyklanma bilen garaýandygyny bellemek isleýärin. Türki döwletler bilen netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýär.

Biziň halklarymyzy müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeniýetiň, diliň we diniň umumylygy baglanyşdyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, köptaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek üçin mizemez binýat bolup hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen sammitiň çäklerinde agza döwletleriň ählisiniň goldaw bermegi bilen Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy döwlet hökmünde kabul edildi. Bu bolsa biziň döwletlerimiziň arasynda hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn görnüşde ösdürmek üçin täze sahypanyň açylýandygyny alamatlandyrdy. Häzirki wagtda Türkmenistan TDG-niň alyp barýan işlerine netijeli gatnaşýar, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasyna we Türki söwda-senagat edarasyna agza bolmak mümkinçiligini hem içgin öwrenýär.

Ine, bu gün bolsa biz Aşgabat şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini geçirýäris. Şeýle abraýly çäräniň biziň ýurdumyzda geçirilmegi, bir tarapdan, Türkmenistanyň türki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýän bolsa, beýleki bir tarapdan, bize bildirilen uly ynam we jogapkärçilikdir. Mejlisiň çäklerinde serediljek meseleleriň, kabul ediljek çözgütleriň diňe bir Aksakgallar geňeşiniň däl, eýsem, Türki Döwletleriň Guramasynyň hem geljekki ösüşini kesgitlemäge ýardam berjek tapgyr boljakdygyna ynam bildirýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin. Bu babatda türkmen tarapynyň ähli zerur goldawy berjekdigine sizi ynandyrmak isleýärin.

Hormatly Aksakgallar geňeşiniň
agzalary!

Hormatly adamlar!

Biz, ine, şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň kiçi düzümdäki duşuşygynyň gün tertibindäki soraglary ara alyp maslahatlaşdyk. Eger-de, garşy bolmasaňyz, men hem, öz gezegimde, käbir tekliplerimi siziň garamagyňyza hödürlemek isleýärin.

1. Halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda, ýaşuly nesil hökmünde edep-ekramly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bitirilen hyzmatlary göz öňünde tutup, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň «Hormatly aksakgaly» diýen adyny we onuň nyşanyny döretmegi teklip edýärin.

2. Geňeşiň alyp barýan işini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň redaksiýasyny döretmegi, ýagny munuň üçin geljekde ýörite gazeti ýa-da žurnaly neşir etmegi we onuň internet sahypasyny açmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn.

3. Ertir geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Beýanatyň taslamasy taýýarlanyldy. Şol Beýanaty siziň garamagyňyza hödürläp, ony kabul etmegi teklip edýärin. Bu resminama biziň gatnaşyklarymyzyň has-da täze derejä çykmagyna, halklarymyzyň bähbidine beýik işleriň amala aşyrylmagyna itergi berer.

Hormatly adamlar!

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň kiçi düzümdäki duşuşygyny geçirip gutarýarys. Mümkinçilikden peýdalanyp, siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we asylly işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.