Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 100 töweregi ýaşlaryň gatnaşmagynda giňden geçirilýän medeni maksatnama gatnaşmak üçin Hindistana bardylar.
Şunuň ýaly çäreleri guramak başlangyjyny 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa we Hindistan döwlet baştutanlarynyň sammitinde makullanypdy. Onuň esasy maksady Aziýa sebitleriniň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşygy goldamak we berkitmekdir. 12-nji marta çenli dowam etjek medeni maksatnama gatnaşýanlar Hindistanyň medeniýeti, taryhy we milli aýratynlyklary bilen tanyşarlar.
Hindistanyň meşhur ýadygärlikleriniň birine – «Köşkleriň täji» diýlip atlandyrylýan Täçmahalyň mawzoleý metjidine baryp görmek medeni maksatnama gatnaşýanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Agra şäherinde ýerleşýän bu ýadygärlik Beýik Mogollar imperiýasynyň şasy Jahan I Şanyň buýrugy bilen onuň söýgüli aýalynyň hatyrasyna gurlupdyr. Täçmahal hindi, pars we arap binagärlik şekil elementlerini özünde jemleýän Mogol binagärliginiň iň gowy nusgasy hasaplanýar. Ol ählumumy ykrar edilen binagärlik eserleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Gujarat welaýatynyň iň uly şäheri bolan Ahmedabatda ýerleşýän Milli kazyýet ylymlary uniwersitetine gezelenç hem şondan az gyzyklanma döretmedi. Ol Hindistanda kazyýet lukmançylyga we derňew ylymlaryna bagyşlanan ilkinji uniwersitetdir. Ol ýerde ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk bolup geçdi, onda Merkezi Aziýadan baran ýaşlar uniwersitetiň we onuň fakultetleriniň işleri bilen tanyşdylar, uniwersitetiň talyplary bolsa myhmanlar üçin aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.