Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň «Daşky gurşawy goramak tehnologiýalary» barlaghanasy daşky gurşawy goramaga dahylly dürli işleri ýerine ýetirmek arkaly, döwlet guramalary we hususy kärhanalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Mysal üçin, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugyndan alnan akkreditasiýa şahadatnamasynyň esasynda agyz suwy, dürli himiki birleşmeler we erginler, maldarçylyk üçin iým we iýmit goşundylaryna degişli akkreditasiýa ugurlarynda barlaghana synaglary geçirilýär.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginden alnan ygtyýarnama laýyklykda hukuk alan barlaghana tebigy baýlyklaryň özleşdirilýän we peýdalanylýan döwründe daşky gurşawy goramak boýunça ylmy-derňew işlerini alyp barýar, inženerçilik we gözleg işleri geçirilende, dürli hyzmatlary we tehniki teklipleri hödürleýär. Barlaghananyň işgärleri, şeýle hem ykdysadyýetiň döwlet we hususy pudaklaryna degişli kärhanalar, guramalar, zawod-fabrikler we iş alyp barýan beýleki guramalar tarapyndan öndürilen önümleriň täze görnüşleri üçin daşky gurşaw pasportlaryny we kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzýärler.
TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň «Daşky gurşawy goramak tehnologiýalary» barlaghanasy daşky gurşawa taşlanýan suwuk, gaz görnüşli we gaty senagat galyndylary üçin rugsat edilen standartlary işläp düzýär we olaryň gaýtadan işlenmegi hem ikilenç ulanylmagy üçin teklipler berýär. Bu teklipler, hususan-da, aýlawly ykdysadyýetiň ýörelgelerine laýyklykda, täze önümler üçin çig mal hökmünde gaty, suwuk we gaz görnüşli senagat galyndylaryny ulanmak tehnologiýalaryny döretmek bilen baglanyşyklydyr.