Ï Türkmenistanda Panama Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Panama Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

view-icon 3494

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noaddan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili, öz gezeginde, Panama Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna bagtyýarlyk, özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomat ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bu syýasatda dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, şol sanda Latyn Amerikasy ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm orun berilýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine üns çekildi. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri aýratyn bellenildi.

Ilçi Mejlisiň düzümi, onuň milli kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýakyn parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak teklibi beýan edildi.

Ulag, deňiz arkaly ýük daşama pudagy, syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle-de ýurtlaryň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Panama Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noad ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin öz tejribesini hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Panama Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, men jenap Rolando Enrike Barrou Noady Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Rolando Enrike Barrou Noadyň ýokary şahsy häsiýetleri onuň özüne ynanylan jogapkärli wezipäni Siziň makullamagyňyza we hormatyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size bagtyýarlyk, Türkmenistana gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy ýetireninde, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Laurentino Kortiso Koen,

Panama Respublikasynyň Prezidenti.