Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny Beýik Biribaryň rehim-şepagaty bilen doly bolan mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn. Bu mübärek aý dünýäniň musulmanlaryna ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmek, özara düşünişmek we mundan beýläk-de özlerini kämilleşdirmek, raýdaşlyk hem-de agzybirlik üçin ýene-de bir mümkinçilikdir. Mukaddes Oraza aýynyň tutuş musulman ymmatynyň dostlukly gatnaşyklarynyň, abadançylygynyň pugtalanmagyna ýardam berjekdigine umyt edýärin.
Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa gülläp ösüş, abadançylyk dileýärin.
Seýed Ebrahim RAISI,
Eýran Yslam Respublikasynyň
Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Sizi mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli gutlaýaryn. Bu aýyň Türkmenistanyň dostlukly halky üçin abadançylygyň we ýagşylygyň aýy bolmagyny arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size jan saglyk we üstünlikler baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin!
Başar AL-ASAD,
Siriýa Arap Respublikasynyň
Prezidenti.