Ï Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

view-icon 4019
Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lýuksemburgyň Wise-premýeri, Daşary işler we daşary söwda ministri Ksawýe Betteliň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.  

Taraplar syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, halkara we sebit gün-tertibiniň meselelerine seredildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmegiň wajyplygy nygtaldy.

Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň we ÝB-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleri hem maslahatlaşyldy.